Garet Beýl «Los-Anjeles» klubunyň oýunçysy boldy

  • 29.06.2022 06:18
  • 8.7k+

Uelsli hüjümçi Garet Beýl “Los-Anjelese” geçdi diýip, MLS-iň klubunyň metbugat gullugy habar berýär. Hüjümçiniň klub bilen şertnamasy ýene bir möwsüm uzaltmak mümkinçiligi bilen bir ýyla niýetlenýär diýip, championat.com belleýär.

“Garet öz nesliniň iň bir dinamiki we özüne çekiji oýunçylarynyň biridir. Öz zehinini we tejribesini ýokary derejede görkezýän oýunçynyň geçmegi – bu klubumyzy kämilleşdirmek üçin ajaýyp mümkinçilik. Men Garetiň bu transferi amala aşyrmaga kömek eden wekillerine minnetdarlyk bildirýärin. Garet höwesli bolup, baýrak gazanmagy dowam etdirmek isleýär. Onuň bize goşulyp, çempionatda ýeňiş gazanmak maksadymyza ýetmekde kömek etmek kararyna gelendigine biz begenýäris” – diýip, “Los-Anjeles” klubunyň baş müdiri Jon Torrington belledi.

Ýatlap geçsek, geçen möwsümde Beýl ähli ýaryşlarda “Real” üçin ýedi duşuşyga gatnaşyp, bir gol geçirdi. Garet 2013-nji ýylda Londonyň “Tottenhem Hotspur” klubundan 101 mln ýewro geçip, “Patyşalyk klubunyň” oýunçysy boldy. 


düýn 23:00
680

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.1k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
2.8k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

11.05.2026 22:47
7.8k+

Gurban Berdiýew «Turan Towuz» toparyny ýewrokubok ýaryşlaryna çykardy

Gurban Berdiýew ýewrokuboklara dolanýar. Türkmen tälimçisiniň ýolbaşçylyk edýän «Turan Towuz» topary häzirki möwsümde Azerbaýjanyň çempionatynyň netijeleri boýunça, iň bolmanda, üçünji orny özüne kepillendirdi......