La Liga 2022/2023 möwsümiň rejesini yglan etdi

  • 24.06.2022 22:41
  • 16k+

Ispaniýanyň La Ligasy öz resmi saýtynda 2022/2023 möwsümiň rejesini yglan etdi. Ispaniýanyň çempionatynyň täze ýaryşy 14-nji awgustda badalga alar.

2022/2023 möwsümdäki «el-klasiko»-nyň seneleri: «Real»-«Barselona» — 16-njy oktýabr, «Barselona»-«Real» — 19-njy mart.
Ispaniýanyň çempionatynyň 2022/2023 möwsüminiň doly rejesi La Liganyň resmi saýtynda elýeterlidir. La Liganyň geçen möwsüminde Madridiň «Realynyň» ýeňiji bolandygyny ýatladýarys. Ikinji ýeri «Barselona», üçünji ýeri «Atletiko», dördünji ýeri bolsa «Sewilýa» eýeläpdi.


düýn 18:12
6.5k+

Meksika KONKAKAF Kubogynyň finalynda ABŞ-ny utdy

ABŞ-nyň milli ýygyndysy Demirgazyk we Merkezi Amerikanyň we Karib basseýniniň ýurtlarynyň futbol konfederasiýasynyň (KONKAKAF) Altyn kubogynyň finalynda Meksikadan 1:2 hasabynda utuldy. Oýun Tehas ştatynyň Hýuston şäherinde geçirildi...

düýn 10:47
2.8k+

Messi we adidas täze Superstar krossowkasyny çykardy

Futbolçy Lionel Messi adidas brendi bilen täze hyzmatdaşlygyny – iki reňkde Superstar krossowkasyny hödürledi. Bu barada Hypebeast neşiri habar berýär. Modelleriň biri Messiniň 2023-nji ýyldan bäri çykyş edýän “Inter Maýami” klubundan ylham alýar...

06.07.2025 20:11
10k+

UEFA “Çelsä” €31 mln, “Barselona” €15 mln jerime saldy

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşigi (UEFA) “Çelsä”, “Barselona” we ýene on kluba maliýe fair play düzgünlerini berjaý etmändigi üçin jerime saldy. Bu barada guramanyň saýtynda habar berilýär. Klublaryň maliýe gözegçilik edarasynyň (CFCB) birinji palatasy London klubuna 31 mln ýewro, katalon klubuna bolsa 15 mln ýewro jerime saldy...

06.07.2025 11:52
9.4k+

Klublaýyn dünýä çempionaty: “PSŽ” dokuz bolup “Bawariýany” utdy, “Real” “Borussiýadan” üstün çykdy

“Pari Sen-Žermen” fransuz klubunyň futbolçylary Klublaýyn dünýä çempionatynyň dörtden bir finalynda Mýunheniň “Bawariýasyny” utdy. Atlantadaky duşuşyk parižlileriň peýdasyna 2:0 hasabynda tamamlandy. Oýnuň 78-nji minutynda Dezire Due hasaby açdy...