Maýmyn mamasy pandemiýa diýlip yglan edildi

  • 24.06.2022 10:28
  • 36k+

Bütindünýä saglygy goraýyş ulgamy (WHN) maýmyn mamasyny pandemiýa diýip yglan etdi. Bu barada guramanyň saýtynda aýdylýar diýip, Day.Az belleýär.

Onuň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda 58 ýurtda maýmyn mamasynyň 3 417 tassyklanan hadysasy hasaba alyndy. Kesel ýaýrawy birnäçe yklymlarda çalt ýaýraýar. Gurama ýurtlary we global saglygy goraýyş edaralaryny gyssagly we netijeli hereketlere çagyrýar. 

“Kesel ýaýrawy ylalaşykly global hereketler bolmazdan bes etmez. Mama garanyňda, ölüm derejesi has pes bolan ýagdaýynda-da, dowam edýän ýaýrawy bes etmek üçin çäreler görülmese, millionlarça adam aradan çykar, köp adamlar bolsa kör ýa-da maýyp bolar” – diýlip, habarda aýdylýar.

Wagtynda çäre görülse, keseliň ýaýramagyna az tagallalar bilen gözegçilik edip boljakdygy hem-de netijeleriniň ýaramazlaşmagynyň öňüni alyp boljakdygy nygtalýar. WHN köpçülige alamatlar barada habar berip başlamagy, barlag elýeterliligini giňeltmegi we tassyklanan hadysalaryň gatnaşyklaryny yzarlamagy maslahat berýär.
Saglygy goraýyş ulgamynda häzire çenli hadysalaryň köpüsiniň ulularyň arasynda hasaba alnandygy, ýöne keseliň çagalaryň arasynda ýaýramagynyň has agyr ýagdaýlara we köp ölüme sebäp boljakdygy bellenilýär. Şeýle-de, haýwanlaryň, aýratynam, alakalaryň we beýleki gemrijileriň, öý haýwanlarynyň kesellemegi ýagdaýy hasam kynlaşdyrar.
WHN ýokanjy kesgitlemek barada karara gelmek maksady bilen maýmyn mamasyny Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) 23-nji iýundaky mejlisinden öň pandemiýa diýip yglan etdi. 
Ýatlap geçsek, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy dünýäde keseliň 3,4 müňden gowrak tassyklanan hadysasyny we 1,5 müňe golaý şübheli hadysasyny hasaba aldy. Kesel hadysalary Fransiýada, Şwesiýada, Italiýada, Awstraliýada, Kanadada, Germaniýada, Niderlandlarda, Şweýsariýada, Ispaniýada, ABŞ-da, Sloweniýada, Çehiýada, Gruziýada we beýleki ýurtlarda ýüze çykýar. 


09.06.2026 23:14
7.1k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.2k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.8k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4.1k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....