Ýewropada gazyň bahasy iki hepdäniň içinde 60% gymmatlady

Ýewropada gazyň bahasy iki hepdäniň içinde 60% gymmatlady

Ýewropada tebigy gazyň bahasy bary-ýogy iki hepdäniň içinde 60% gymmatlady.

Niderlandlaryň TTF söwda meýdançasyndaky söwdalaşyklarda ýaňy-ýakynda 8-nji iýunda-da fýuçersleriň bahasy MBt.s üçin 79,40 ýewrody, emma 23-nji iýunda eýýäm olaryň bahasy MBt.s üçin 127,17 ýewro ýetdi. Şonuň bilen birlikde, 16-njy iýunda gazyň fýuçersleriniň bahasy MBt.s üçin 124,36 derejede söwdalaşylyp, rekord goýdy.
Ýüze çykan ýagdaýyň sebäbi Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky urşuň fonunda rus gazy bilen üpjünçiligiň möçberleriniň azalmagy, şeýle hem, Tehasdaky Freeport SPG-terminalynyň işiniň togtamagy bilen düşündirilýär.
Ilkibaşda amerikan hökümetiniň wekilleri ýangyn sebäpli işi togtadylan SPG-terminalynyň ýene azyndan 3 hepde durjagyny aýdypdylar, ýöne soňra bu möhleti ýylyň ahyryna çenli uzaltdylar.