Resmi: Sadio Mane «Liwerpuldan» «Bawariýa» geçdi

  • 23.06.2022 13:38
  • 13k+

«Bawariýa» futbol kluby senegally hüjümçi Sadio Mane bilen şertnama gol çekişendigini habar berdi.

Ylalaşyk 2025-nji ýyla çenli dowam eder diýip, «Bawariýanyň» saýtynda habar berilýär.
Öň, Mane «Liwerpulda» çykyş edýärdi. Onuň düzüminde ol Angliýanyň çempionatynda, UEFA Çempionlar ligasynda, Klublaýyn dünýä çempionatynda, UEFA-nyň Superkubogynda, Iňlis ligasynyň kubogynda ýeňiş gazandy. Senegalyň düzüminde ol Afrika milletleriniň Kubogynda ýeňiji boldy.


şu gün 11:46
2.5k+

Ýewropa we Konferensiýalar Ligasy: Emeriň emeli ýetmedi, Sarr oýlanmaga-da maý bermedi

Ýewropa Ligasynyň ýarym finalynyň ilkinji oýunlarynda «Nottingem Forest» az-owlak tapawut bilen «Aston Willany» ýeňdi, Portugaliýanyň «Bragasy» bolsa soňky minutlarda Germaniýanyň «Fraýburgyna» aman diletdi.......

düýn 10:10
5.7k+

ÇL-iň 1/2 finalynda «Atletiko» — «Arsenal» duşuşygynyň ykbalyny iki penalti çözdi

«Atletiko» we «Arsenal» toparlarynyň UEFA Çempionlar ligasynyň ýarymfinal garşydaşlygynda birinji oýun 1:1 hasaby bilen tamamlandy. Madridde geçirilen duşuşykda iki topar hem gollaryny penaltiden urmagy......

29.04.2026 09:59
6.6k+

ÇL-iň ýarymfinaly: «PSŽ» bilen «Bawariýa» 9 golly dartgynly oýun görkezdiler

Pariźdäki «Park-de-Prens» stadionynda «PSŽ» we «Bawariýa» jemi dokuz gol urulmagy bilen tamamlanan dartgynly oýun görkezdiler. UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň birinji duşuşygy pariźli toparyň......

28.04.2026 16:14
4.4k+

Tedesko «Fenerbahçeniň» baş tälimçisi wezipesinden aýryldy

«Fenerbahçe» topary baş tälimçi Domeniko Tedeskonyň wezipesinden aýrylandygyny yglan etdi. Bu barada türk klubunyň metbugat gullugy habar berýär....