Serdar Berdimuhamedow Marydaky Gurbanguly hajy metjidine bardy

  • 18.06.2022 08:26
  • 14k+

17-nji iýunda Mary welaýatyna toý saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Gurbanguly hajy metjidine baryp gördi.

Bu metjitde mukaddes Mekgeden getirilen teperrik goýuldy. Hormatly Prezident ony beýleki welaýatlaryň metjitlerinde gezekli-gezegine goýmagyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Mukaddes teperrik Arkadagly Serdarymyza Saud Arabystany Patyşalygyna haj parzyny amala aşyran mahalynda yslam dünýäsinde belent sarpa goýulýan mukaddes Käbeden çuňňur hormatyň nyşany hökmünde gowşuryldy.

Ýygnananlar teperrigi ýüzüne syldylar hem-de Beýik Biribardan Prezident Serdar Berdimuhamedowa türkmen halkynyň bähbidine ähli asylly başlangyçlarynyň üstünliklere beslenmegini dileg etdiler.


düýn 23:23
773

Ahalteke bedewlerimiz Özbegistandaky halkara gözellik bäsleşigine gatnaşar

Türkmenistan 9–10-njy maýda Özbegistanyň Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen geçiriljek ahalteke bedewleriniň atly sport we gözellik bäsleşiklerine gatnaşar. Bu barada anna güni geçirilen Hökümet......

30.04.2026 17:01
5k+

Maryda uçurymlar üçin boş iş orunlarynyň ýarmarkasy geçiriler

8-nji maýda Mary welaýatynda uçurymlaryň işe ýerleşmegine ýardam bermäge gönükdirilen «Boş iş orunlarynyň we hünärmenleriň ýarmarkasy» geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň metbugat gullugy......

26.04.2026 13:51
2.8k+

Serdar Berdimuhamedow atşynaslary we türkmen halkyny bedew baýramy bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny we atşynaslary Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen gutlady. Gutlagyň teksti 26-njy aprelde Türkmenistanyň resmi metbugatynda çap edildi....

26.04.2026 13:44
4.1k+

Türkmenistanyň Prezidenti Milli bedew baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy

25-nji aprelde Aşgabat atçylyk sport toplumynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. Bu barada «TDH» döwlet habarlar agentligi habar......