UEFA 2024-nji ýyldan öňdebaryjy klublar üçin täze tomusky ýaryşy gurnar

  • 16.06.2022 18:54
  • 10k+

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşigi (UEFA) 2024-nji ýylyň tomsunda täze klub  ýaryşyny geçirmegi meýilleşdirýär. Bu barada “L’Equipe” habar berdi diýip, championat.com belleýär.

Çeşmäniň maglumatlaryna görä, ýaryşa dört klub gatnaşar, olaryň arasynda Çempionlar ligasynyň häzirki ýeňijisi hem bolar. Galan üç klubuň nähili ýörelge esasynda saýlanjakdygy häzirlikçe belli däl. Ýaryş “Dörtleriň finaly” görnüşinde geçer. Ýaryşyň ilkinji oýnunyň hem ABŞ-da geçirilmegine garaşylýar.
Habar berlişi ýaly, Çempionlar ligasynyň häzirki ýeňijisi UEFA-nyň Superkubogy üçin oýunda oýnamaz, ýöne bu ýaryş ýatyrylmaz. Superkubok ugrundaky oýunda Ýewropa ligasynyň we Konferensiýalar ligasynyň ýeňijileri çykyş eder. 
Ýatlap geçsek, 2021/2022-möwsüminde UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýeňijisi “Real” boldy, ol ýaryşyň finalynda “Liwerpuly” 1:0 hasabynda utdy.


şu gün 17:19
4k+

“Bawariýa” 750 oýundan soň Tomas Mýuller bilen hoşlaşdy

Hüjümçi Tomas Mýuller Mýunheniň “Bawariýasy” üçin soňky oýnuny oýnap, kluby erkin agent hökmünde terk etdi. 5-nji iýulda Klublaýyn dünýä çempionatynyň “PSŽ-ä” garşy çärýek oýny (0:2) 35 ýaşly germaniýaly üçin klubuň köýnekçesinde iň soňky oýun boldy...

şu gün 13:23
6.4k+

Klublaýyn dünýä çempionatynyň ýarym finalynyň petekleri 473 dollardan 13 dollara çenli arzanlady

Klublaýyn dünýä çempionatynyň “Çelsi” bilen “Fluminenseniň” arasyndaky ýarym finaly üçin petekleriň bahasy üç günde 473,9 dollardan 13,4 dollara çenli arzanlady. The Athletic-iň habar berşi ýaly, bu 35 esseden gowrak arzandyr...

düýn 18:12
7.7k+

Meksika KONKAKAF Kubogynyň finalynda ABŞ-ny utdy

ABŞ-nyň milli ýygyndysy Demirgazyk we Merkezi Amerikanyň we Karib basseýniniň ýurtlarynyň futbol konfederasiýasynyň (KONKAKAF) Altyn kubogynyň finalynda Meksikadan 1:2 hasabynda utuldy. Oýun Tehas ştatynyň Hýuston şäherinde geçirildi...

düýn 10:47
3.1k+

Messi we adidas täze Superstar krossowkasyny çykardy

Futbolçy Lionel Messi adidas brendi bilen täze hyzmatdaşlygyny – iki reňkde Superstar krossowkasyny hödürledi. Bu barada Hypebeast neşiri habar berýär. Modelleriň biri Messiniň 2023-nji ýyldan bäri çykyş edýän “Inter Maýami” klubundan ylham alýar...