Infantino: futbolda arassa oýun wagty 46 minut. Bu meseläniň çözgüdini tapmaly

  • 14.06.2022 19:55
  • 16k+

Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) prezidenti, 52 ýaşly şweýsariýaly hünärmen Janni Infantino arassa oýun wagtynyň meselesini çözmegiň üstünde işlejekdigini mälim etdi.

«Häzirki wagtda biz futbola täze giriziljek düzgünleri seljerýäris we synagdan geçirýäris. Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi bilen bilelikde (IFAB) baha berýän beýleki synaglarymyz futbol ýaryşynyň wagty, esasan, arassa oýun wagty bilen baglanyşykly.

Şu meseläni nädip çözüp bolar, biz şunuň üstünde kelle döwmeli. Doly futbol ýaryşyna berilýän arassa oýun wagtynyň bary-ýogy 46-48 minut töweregi bolmagy göwne makul däl. Biz birnäçe teklibi öňe süreris, soňra olara serediler we synagdan geçiriler. Käbir adamlaryň muňa şübhe bilen garamagy mümkin, ýöne biz oýny gowulandyrmak bilen bagly islendik teklip üçin açykdyrys» — diýip, Calciomercato.com Infantinonyň sözlerini getirýär.


düýn 23:00
895

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.4k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
2.8k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

11.05.2026 22:47
7.9k+

Gurban Berdiýew «Turan Towuz» toparyny ýewrokubok ýaryşlaryna çykardy

Gurban Berdiýew ýewrokuboklara dolanýar. Türkmen tälimçisiniň ýolbaşçylyk edýän «Turan Towuz» topary häzirki möwsümde Azerbaýjanyň çempionatynyň netijeleri boýunça, iň bolmanda, üçünji orny özüne kepillendirdi......