Britaniýaly Ewans 40 günde Atlantik ummanyny kürekläp geçip, rekordy täzeledi

  • 13.06.2022 19:01
  • 12k+

Britaniýaly zenan Atlantik ummanyny 40 gün 21 sagat 1 minutda ýekelikde kürekde kesip geçip, Ginnesiň dünýä rekordyny täzeledi. Bu barada United Press International agentligine salgylanyp, interfax.ru habar berýär.   

Ginnesiň rekordlar kitaby Wiktoriýa Ewansyň passatlaryň ýolunda Atlantik ummanynyň üsti bilen zenanlaryň arasynda ýekelikde ýüzmegiň tizligi boýunça rekordy täzeländigini mälim etdi. Ol özüniň gaýygynda Ispaniýanyň Tenerife adasyndan Barbados adasyndaky Port-Sent-Çarlz-a ýüzdi. 
Ewansyň 40 gün 21 sagat 1 minut wagty başga bir britaniýaly Kiko Metýuz tarapyndan goýlan öňki rekordy dokuz gün aratapawut bilen täzeledi.

“Biziň jynsymyzyň ejiz diýlip atlandyrylan döwri geçdi, men bu rekordyň ähli zenanlara we gyzlara biziň nämä ukyplydygymyzy görkezer diýip umyt edýärin” – diýip, Ewans rekordlar kitaby üçin beren interwýusynda aýtdy.  


15.07.2025 13:17
3.8k+

Gün panellerinden emele gelen iň uly mural Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Kanadanyň Alberta welaýatynda ýerleşýän SunRise ýaşaýyş toplumy Gün panellerinden emele gelen ägirt uly mural mynasybetli Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Adaty bolmadyk freska binanyň öň tarapynda 3205 inedördül metri tutýar diýip, Interesting Engineering ýazýar...

13.07.2025 18:34
11k+

Ispaniýada bir aýal ýumurtga goýmak üçin bulgurlaryň iň uly kolleksiýasyny ýygnady

Ispaniýanyň ýaşaýjysy Mariýa Hose Fuster ýumurtga goýmak üçin niýetlenen bulgurlaryň dünýäde iň uly kolleksiýasyny ýygnady. Ginnesiň rekordlar kitabynyň maglumatlaryna görä, onuň kolleksiýasynda 15 485 sany şeýle predmet bar...

10.07.2025 20:47
4.5k+

Şef-aşpez Jeými Oliwer dünýädäki iň uly aşpezlik sapagyny geçirdi

Meşhur britaniýaly şef-aşpez, restorator, teleýaýlym alyp baryjysy, öýde nahar taýýarlamagy we sagdyn iýmitlenmegi wagyz ediji Jeými Oliwer täze dünýä rekordyny goýdy. Ol taryhda iň köp gatnaşyjyly aşpezlik sapagyny geçirdi...

24.06.2025 18:51
5.7k+

Hideo Kodzima Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan dünýäniň iň meşhur geýmdizaýneri diýlip ykrar edildi

Ýaponiýaly geýmdizaýner we režissýor Hideo Kodzima iň meşhur oýun režissýory hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Bu barada ýapon teleýaýlymlarynyň birinde berlen tok-şouwyň göni ýaýlymynda habar berildi...