Maryda we Balkanda şu ýyl 17900 gektarda gant şugundyry ekiler

  • 13.06.2022 10:18
  • 5.4k+

Oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmak hem-de ygtybarly azyk bolçulygyny döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine, Balkan we Mary welaýatlarynyň häkimliklerine Balkan, Mary welaýatlarynyň etraplarynda önümçiligi hem-de ekin dolanyşygyny agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda, ylmy esasda ýola goýmak bilen, gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Mälim bolşy ýaly, şu ýyl 17 müň 900 gektar meýdana gant şugundyryny ekmek we ondan 224 müň tonna hasyl almak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, Balkan welaýatynda 3 müň gektara gant şugundyry ekilip, ondan 24 müň tonna hasyl alnar. Mary welaýatynda bolsa 14 müň 900 gektara gant şugundyryny ekip, ondan 200 müň tonna hasyl almak göz öňünde tutulýar.


düýn 19:38
2.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......