Halk Maslahatynyň Başlygy Lebapdaky köpugurly bazara baryp gördi

  • 10.06.2022 08:15
  • 22k+

9-njy iýunda Lebap welaýatyna saparynyň çäklerinde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow azyk önümleriniň görnüşleri, hususan-da, gök we bakja önümleri bilen tanşyp, bazarda önüm bolçulygynyň döredilişi bilen gyzyklandy. Maldarçylyk pudagynyň önümlerine, şol sanda gara mallaryň we towuk etiniň öndürilişine aýratyn gyzyklanma bildirildi.

Tanyşlygyň barşynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow söwda nokatlaryna aýlandy hem-de alyjylar we satyjylar bilen ýurdumyzyň bazarlarynda elýeterli nyrhlardan haryt bolçulygyny üpjün etmek boýunça meseleler barada pikir alyşdy.

Hormatly Arkadagymyz döwletimiziň geljekde-de ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmak, ýokary hilli hem-de ekologik taýdan arassa oba hojalyk önümleriniň bol hasylyny ýetişdirmek üçin ähli şertleri döretjekdigini aýdyp, oba hojalyk önümlerini öndürijilere we telekeçilere döwlet ähmiýetli bu möhüm işde üstünlikleri arzuw etdi.


03.05.2026 14:32
14k+

Arkadag şäherinde bilim alýanlar üçin birnäçe talyp haklary giriziler

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň......

03.05.2026 13:49
6.9k+

Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda 4284 maşgala üçin ýaşaýyş jaýlary gurlar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Arkadag şäherine saparynyň çäklerinde geçirilen iş maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet......

03.05.2026 13:30
1.4k+

Arkadag şäheriniň wekiliýeti Bakuda Şäherleriň Bütindünýä Forumynyň mejlisine gatnaşar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine saparynyň çäklerinde bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we......

22.04.2026 14:54
3.6k+

Bedew baýramy mynasybetli Arkadag şäherinde täze jaýlaryň açarlary gowşurylar

Arkadag şäherinde Türkmen bedewiniň milli baýramyna işjeň taýýarlyk görülýär. Bu baýram mynasybetli şäher ilatyna täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmak meýilleşdirilýär diýip, häkim......