Russiýaly tennisçi Daniil Medwedew 13-nji iýunda dünýäniň birinji raketkasy bolar

Russiýaly tennisçi Daniil Medwedew 13-nji iýunda dünýäniň birinji raketkasy bolar

Russiýaly tennisçi Daniil Medwedew 13-nji iýunda Professional tennisçileriň assosiasiýasynyň (ATP) reýtinginde birinji orna geçer. Bu ispaniýaly Rafael Nadal Roland Garros-yň ýarym finalynda Germaniýanyň wekili Aleksandr Zwerewi utandan soň mümkin boldy diýip, TASS habar berýär.

13-nji iýunda dünýä reýtinginiň häzirki lideri serbiýaly Nowak Jokowiçiň geçen ýylky Roland Garros-da gazanan utuklary köýer. Jokowiç häzirki ýaryşyň dörtden bir finalynda Nadaldan 2:6, 6:4, 2:6, 6:7 (4:7) hasabynda utulyp, tituly gorap bilmedi. Nadal bilen oýnuň ikinji setiniň ahyrynda şikes alan we oýny dowam etdirmekden ýüz öwren Zwerew Roland Garros-da ýeňiş gazanan ýagdaýynda ATP-niň reýtinginde birinji orny eýeläp bilerdi.

Medwedew 2022-nji ýylyň 28-nji fewralyndan 21-nji marty aralygynda reýtingiň başynda durupdy. Roland Garros-da ol dördünji tapgyrda horwatiýaly Marin Çiliçden utuldy (2:6, 3:6, 2:6).

Medwedew 26 ýaşynda, onuň hasabynda guramanyň howandarlygynda 13 tituly bar. Medwedewiň “Uly tuwulga” ýaryşlarynda iň gowy netijesi 2021-nji ýylda US Open-de ýeňiş gazanmagydyr, şol ýyl ol Russiýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde ATP Kubogynyň we Dewis Kubogynyň hem ýeňijisi boldy.