Aşgabatda Daşky gurşawy goramagyň gününe bagyşlanan maslahat geçirildi

  • 06.06.2022 01:31
  • 8k+

5-nji iýunda Oba hojalyk toplumynyň edara binasynyň mejlisler zalynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanyp «Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň döwlet ekologiýa syýasaty — durnukly ösüşiň we «ýaşyl» ykdysadyýetiň binýady» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Foruma Milli Geňeşiň wekilleri, tebigaty goraýyş düzümleriniň, pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiliginiň, ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, şeýle hem abraýly halkara we sebit guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Plenar mejlisdäki çykyşlarda ýurdumyzda ekologik abadançylygy üpjün etmek, tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň bioköpdürlüligini goramak, ata Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan köpugurly işler hemmetaraplaýyn şöhlelendirildi. Şeýle hem ählihalk bag ekmek çäreleriniň ähmiýeti barada bellenilip geçildi. Maslahat «Daşky gurşawy goramak ugrunda halkara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary» bölümi bilen öz işini dowam etdirdi. Oňa sanly ulgam arkaly daşary ýurtly hünärmenler hem goşuldylar.

Şeýle hem şol gün S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde maslahatyň «Türkmenistanda ekologik abadançylygy üpjün etmekde bilim we ylym ulgamynyň ähmiýeti» atly ikinji bölümi geçirildi. Daşoguz şäherindäki Türkmen oba hojalyk institutynda maslahatyň “Aralýaka sebitiň ekologiýasyny gowulandyrmagyň meseleleri” bölümi geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni 1972-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan döredilip, şondan bäri hem köp ýurtlarda bellenilýär. Ol dünýä jemgyýetçiligini häzirki döwrüň ählumumy meselelerini çözmekde tagallalary birleşdirmäge çagyrýar. 


28.04.2026 14:21
1.5k+

Türki dünýäsiniň artistleri Weli Muhadowyň 110 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda çykyş eder

2-nji we 3-nji maýda Aşgabadyň Mukamlar köşgünde görnükli türkmen kompozitory Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygyna bagyşlanan TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň opera sahnasynyň ussatlarynyň uly gala-konserti......

26.04.2026 13:51
2.7k+

Serdar Berdimuhamedow atşynaslary we türkmen halkyny bedew baýramy bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny we atşynaslary Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen gutlady. Gutlagyň teksti 26-njy aprelde Türkmenistanyň resmi metbugatynda çap edildi....

26.04.2026 13:48
12k+

Atlaryň arasyndaky gözellik bäsleşiginiň ýeňijisine «Toyota Fortuner» awtomobili berildi

«Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» halkara bäsleşiginiň ýeňijisi yglan edildi. «2026-njy ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» diýen ada Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli bolan, mele......

26.04.2026 13:44
4k+

Türkmenistanyň Prezidenti Milli bedew baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy

25-nji aprelde Aşgabat atçylyk sport toplumynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. Bu barada «TDH» döwlet habarlar agentligi habar......