Horwatiýa 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan ýewro geçmäge taýýarlanýar

  • 04.06.2022 09:10
  • 14k+

Horwatiýa 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan ýewrozona goşulmaga taýýar. Bu barada Ýewrokomissiýanyň (ÝK) Brýusselde ýaýradylan hasabatynda aýdylýar diýip, TASS habar berýär.

“Ýewrokomissiýa Horwatiýanyň 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan ýewro geçmäge taýýardygy baradaky netijä geldi, şeýlelik bilen ýewrozona agza döwletleriň sany 20-ä ýeter” – diýlip, onda bellenilýär. Hasabatda aýdylyşy ýaly, Horwatiýa ýewro geçmek üçin zerur şertleriň ählisini ýerine ýetirdi.

“Ýewrokomissiýanyň baha bermegini we töleg balansynyň ösüşi hem-de önüm, zähmet we maliýe bazarlarynyň integrasiýasy ýaly ykdysady integrasiýa hem konwergensiýa üçin ähmiýetli bolan goşmaça şertleri göz öňünde tutup, Ýewrokomissiýa Horwatiýa ýewro geçmek üçin şertleri ýerine ýetirýär diýip hasaplaýar” – diýip, ÝK düşündirýär. 

Hasabatda ÝB-niň Geňeşiniň iýul aýynyň birinji ýarymynda Horwatiýanyň ýewrozona goşuljakdygy barada gutarnykly karara geljekdigi düşündirilýär. “Geňeş iýul aýynyň birinji ýarymynda, Ýewropa toparynda we Ýewropa Geňeşinde ara alyp maslahatlaşmalardan soň, şeýle-de Ýewroparlament bilen Ýewropanyň Merkezi banky öz pikirini beýan edeninden soň Horwatiýanyň ýewro geçmegi barada gutarnykly karara geler” – diýip, ÝK belleýär. 

Horwatiýa Ýewropa Bileleşigine 2013-nji ýylyň 1-nji iýulynda goşuldy. 


09.04.2026 23:46
2.7k+

Mähri Bäşimowa ÝB-niň ilçisi bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

8-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Beata Peksa bilen duşuşdy....

09.04.2026 11:48
3.9k+

Eurostat ÝB ýurtlarynyň durmuş derejesiniň düýpli tapawutlanýandygyny görkezdi

2025-nji ýylyň maglumatlaryna görä, ÝB ýurtlarynyň arasynda ilat başyna düşýän girdeji we durmuş derejesi boýunça düýpli parhlanýar. Eurostat-yň barlagynda bahalaryň arasyndaky tapawutlar hem hasaba alyndy....

27.03.2026 20:08
2.1k+

Türkmenistan we ÝB işewürlik forumynda maýa goýumlary hem-de söwdany maslahatlaşdy

26-njy martda Aşgabadyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň hyzmatdaşlygyna bagyşlanan «Özara baglanyşygy ösdürmek, maýa goýumlary çekmek we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça täze......

26.03.2026 16:45
1.1k+

Türkmenistanyň DIM-inde Ýewropa Komissiýasynyň wekili bilen gepleşikler geçirildi

25-nji martda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Ýewropa Komissiýasynyň Halkara hyzmatdaşlygy boýunça Baş müdirliginiň (DG INTPA) Merkezi Aziýa we Owganystan boýunça bölüminiň......