Aşgabat-Köneürgenç-Aşgabat ugry boýunça zyýarat ýolagçy otlusy guralar

  • 02.06.2022 09:42
  • 50k+

2022-nji ýylyň 10-njy iýunynda «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti «Köneürgenç» taryhy-medeni döwlet goraghanasyna alyp gitmek we yzyna getirmek üçin Aşgabat — Köneürgenç ugry boýunça ýörite zyýarat otlusyny guraýar. Bu barada edaranyň resmi saýtynda habar berilýär.

Aşgabat — Köneürgenç — Aşgabat ugry boýunça zyýarat ýolagçy otlusynyň hereketiniň tertibi

Aşgabat stansiýasyndan ugraýan wagty:

  • Aşgabat 17:10;
  • Içoguz 22:30 — 22:50;
  • Daşoguz 04:30 — 04:15;
  • Köneürgenç 08:00.

Köneürgenç stansiýasyndan ugraýan wagty:

  • Köneürgenç 19:00;
  • Daşoguz 21:45 — 22:15;
  • Içoguz 04:08 — 04:28;
  • Aşgabat 09:30.

Ýolagçy otlusynyň restoran wagonynda ýolagçylar üçin dürli görnüşdäki tagamlar hödürlenilýär.

Ýolagçylar üçin petekleriň bahasy
Küpe wagony:

  • Çagalar üçin 83 manat 90 teňňe,
  • Uly adamlar üçin 146 manat 30 tenne.

SW wagony (2 adamlyk)

  • Çagalar üçin 125 manat 10 teňňe,
  • uly adamlar üçin bolsa 263 manat 90 teňňe.

Ýolagçy otlusynyň goşmaça hyzmatlary üçin tölegi petegiň bahasynyň içine girýär.
Çaý, kofe, suw, süýjülik (toplumy) 10 manat.
Multimediýa portaly 10 manat.


düýn 18:22
6.7k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

düýn 17:00
3.3k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.4k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....