Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisi geçirildi

  • 30.05.2022 14:24
  • 5.3k+

29-njy maýda ýurdumyzda Türkmen halysynyň baýramy giňden bellenildi. Baýramçylyk mynasybetli guralan esasy çäreler paýtagtymyzda boldy. Bu ýerde Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň ХХII mejlisi geçirildi, ol “Arşyň nepisligi — türkmen halysy” diýlip atlandyryldy. Ýurdumyzyň söwda toplumynda sergi guraldy we sungat eseri bolan ajaýyp halylary dokaýan ussat halyçylary sylaglamak dabarasy boldy.

Ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynda geçirilýän üç günlük serginiň açylyş dabarasyna Milli Geňeşiň ýolbaşçylary we wekilleri, Hökümet agzalary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, ministrlikleriňdir pudaklaýyn düzümleriň, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, medeniýet, sungat işgärleri hem-de ussat halyçylar gatnaşdylar.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, Dokma senagaty ministrlikleriniň, “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde guran sergisiniň çäklerinde “Türkmenistanda öndürildi” nyşanly önümleriňdir harytlaryň örän köp görnüşleri görkezildi.

Ýurdumyzyň söwda toplumynyň wekillerine hem-de işewür toparlara öz önümlerini, hyzmatlaryny görkezmäge, hyzmatdaşlar bilen giň gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik döreden serginiň köptaraply häsiýete eýe bolmagy onuň esasy aýratynlygydyr. Şeýle hem sergi ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň barha ýokarlanýandygyny tassyklaýar.

Ýeňil we azyk senagatynyň wekilleriniň bölümlerinde türkmen topragynda bitýän datly önümleriň dürli görnüşlerine orun berlipdir. Bu ýerde döwlet edaralary bilen bir hatarda, hususy düzümler hem öz harytlaryny görkezýärler. Halkyň sarp edýän harytlarynyň önümçiliginde ulanylýan täze tehnologiýalara bagyşlanan bölümler has-da özüne çekiji boldy.

Türkmen el halylary sergä gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Olar köpöwüşginliligi bilen paýtagtymyzyň iri muzeýlerinde we häzirki zaman çeper halyçylyk kärhanalarynda görkezilýär. Şeýle hem bu ýerde türkmen halyçylarynyň yhlasy bilen täzeden dikeldilen gadymy haly nusgalary we ýüňden, ýüpekden dokalan halylar möhüm orun eýeleýär. Türkmen halylarynyň ajaýyp gözelligi we olaryň ýokary hil derejesi dünýä ýüzünde uly meşhurlyga eýe boldy. Pariž, Monreal, Leýpsig, Brýussel, Ženewa, Maýn boýundaky Frankfurt şäherlerinde geçirilen halkara ýarmarkalarda türkmen halylary köp sanly baýraklara mynasyp boldy.


11.05.2026 22:55
970

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......