"Watan buýsanjy - Jelaleddin soltan" oýny teatr festiwalynyň ýeňijisi boldy

"Watan buýsanjy - Jelaleddin soltan" oýny teatr festiwalynyň ýeňijisi boldy

25-nji maýda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynda geçirilen dabara bilen “Türkmen teatr sungaty” festiwaly tamamlandy. Ozal habar berlişi ýaly, ol paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň teatrlarynyň, şeýle-de Döwlet sirkiniň artistlerini bir ýere jemledi. 

Dört günüň dowamynda aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary dostluk, döredijilik baýramyndan ruhy lezzet aldylar. Festiwalyň maksatnamasy ýurdumyzyň esasy teatr toparlarynyň dürli görnüşli sahna oýunlaryny özünde jemledi. Olaryň hemmesi Gurbanguly Berdimuhamedowyň Watanymyzyň ykbaly we geljegi baradaky çuňňur many-mazmunly eserleriniň esasynda goýuldy. 

Bu ýerde döredijilik gözden geçirilişiniň gatnaşyjylaryny sylaglamak dabarasy boldy. Emin agzalarynyň gelen netijesine laýyklykda, birinji orun “Watan buýsanjy — Jelaleddin soltan” sahna oýny üçin Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň toparyna berildi. Ikinji orny “Nuhuň gämisi” sahna oýny üçin Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatry eýeledi. Üçünji orna “Türkmeniň ýoly” atly sahna oýny bilen Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň artistleri mynasyp görüldi.  

Ýeňijilere Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýadygärlik kubogy, sowgatlar we gül desseleri gowşuryldy. Şeýle-de iň gowy erkek, zenan we çaga keşpleri, iň gowy edebi esas, sazçylyk bezegi, režissýorlyk we edebi işler ýaly ugurlarda ýeňijiler yglan edilip, olara diplomlardyr sowgatlar gowşuryldy. Mundan başga-da, artistleriň birnäçesine höweslendiriji baýraklar berildi.