Türkmenistan bilen BMG-niň hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi maslahatlaşyldy

  • 25.05.2022 16:00
  • 5.7k+

24-nji maýda Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň we BMG-niň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki utgaşdyryjy toparyň mejlisi geçirildi. Oňa Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary hem işgärleri, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň wekilleri, Aşgabatdaky BMG-niň düzüm birlikleriniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisde 2021-nji ýylda hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyny durmuşa geçirmekde esasy gazanylan üstünliklere, şol resminamany hem-de Çeşmeleriň we hyzmatdaşlygyň hereketleriniň strategiýasyny maliýeleşdirmek boýunça meýilnamasynyň gidişine, Howanyň üýtgemeginiň täsirlerini azaltmak we oňa uýgunlaşmak boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň durmuşa geçirilmegi üçin 2022-nji ýylda Hereketleriň meýilnamasynyň taslamasyna seredildi.


düýn 19:38
5k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.8k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......