Gebreýesus ikinji möhlete BSGG-niň ýolbaşçylygyna saýlandy

  • 25.05.2022 08:59
  • 6.4k+

Tedros Gebreýesus ikinji gezek Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň baş direktorlygyna saýlandy diýip, BSGG-niň saýtynda habar berilýär.

"Onuň täzeden saýlanmagy Ženewada geçen  75-nji Bütindünýä saglygy goraýyş assambleýasynda tassyklandy. Ol ýeke-täk dalaşgär boldy" - diýip, guramanyň habarynda aýdylýar.

Gebreýesus 2017-nji ýylda BSGG-niň baştutany bolupdy. Düzgüne laýyklykda, guramanyň baş direktorynyň diňe bir gezek täzeden saýlanmaga hukugy bar. Onuň ygtyýarlyklarynyň möhleti bäş ýyl. Täze mandat şu ýylyň 16-njy awgustyndan güýje girýär.
Saýlaw prosessi 2021-nji ýylyň aprelinde, BSGG-niň agzalygyna girýän döwletlerden teklip edilýän dalaşgärler hakynda teklipler ýygnalyp ugranda başlapdy. Gebreýesusy dalaşgär hökmünde guramanyň ýerine ýetiriji komiteti öňe sürdi. BSGG-de görkezişleri ýaly, Gebreýesus guramanyň işiniň dünýä derejesinde netijeliligini ýokarlandyrmak üçin, onda "giňmöçberli özgertmeleri" geçirmäge başlady, COVID-19 pandemiýasy, Kongoda ebola ýokanjynyň möwjeýän döwürlerinde we ş.m. BSGG-niň işine ýolbaşçylyk etdi.
Gebreýesus - Efiopiýada doglan. 2012-2016-njy ýyllarda bu ýurduň daşary işler ministri, 2005-2012-nji ýyllar aralygynda saglygy goraýyş ministri  boldy. Şeýle hem SPID, inçekesel we gyzzyrma garşy göreşýän jemgyýetçilik guramalarynda işledi. 


11.02.2026 13:11
1.2k+

Türkmenistanyň DIM-inde BSGG-niň wekili bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 10-njy fewralynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BSGG-niň Aşgabatdaky Ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Ýegor Zaýsew we Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary Azat Öwezow bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirdi...

07.02.2026 07:33
2.7k+

BSGG-niň başlygy çagalary goramak üçin sosial torlarda ýaş çäklendirmesiniň girizilmegini goldady

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSSG) baş direktory Tedros Adanom Gebreýesus Ispaniýanyň premýer-ministri Pedro Sançesiň ýaşlary durmuş ulgamlarynyň «zäherleýji äleminden» goramak baradaky ideýasyny goldady we olarda ýaş çäklendirmelerini girizmäge çagyrdy...

02.02.2026 02:24
2.3k+

BSGG mekdep iýmiti boýunça maslahatlary hödürledi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) okuw edaralarynda sagdyn we kadaly iýmitlenişi üpjün etmek boýunça ilkinji gezek ählumumy maslahatlary hödürledi. Gollanma bolup hyzmat edýän täze ýörelgeler çagalarda peýdaly iýmitleniş endiklerini kemala getirmäge we keselleriň öňüni almaga gönükdirilendir...

30.01.2026 11:41
9.5k+

Hindistanda Nipah wirusynyň ýüze çykmagy sebäpli Aziýanyň howa menzillerinde gözegçilik güýçlendirildi

Hindistanyň Günbatar Bengaliýa ştatynda Nipah wirusy bilen kesellemegiň iki ýagdaýy ýüze çykarylandan soň, birnäçe Aziýa ýurtlarynyň howa menzillerinde sanitar gözegçiligi güýçlendirildi. Bu barada «The Guardian» neşiri habar berýär...