Hünärmenler 2022-nji ýylda noutbuk bazarynyň pese gaçjakdygyny çaklaýarlar

  • 23.05.2022 17:24
  • 6.4k+

2022-nji ýylyň aprel aýynda dünýä bazarynda noutbuklar üçin ekranlaryň üpjünçiligi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 21,5% peseldi. Muny TrendForce kompaniýasynyň hasabaty delillendirýär diýip, Regnum habarlar agentligi habar berýär.

Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, şu ýylyň aprel aýynda öndürijiler bazara 17,5 mln noutbuk panelini iberdiler. Bu görkeziji koronawirus pandemiýasy başlany bäri aýlyk satuw üçin iň pes görkeziji boldy. 
Hünärmenler bazaryň pese gaçyşyny Hytaýda pandemiýanyň täze tolkunynyň bolmagy bilen baglanyşdyrýarlar. HHR-iň häkimiýetleri tarapyndan girizilen karantin elektron senagat kärhanalarynyň ýerleşýän köp sebitlerine täsir etdi. 
TrendForce-iň analitikleri 2022-nji ýylda noutbuk ekranlarynyň üpjünçiliginiň ýyllyk hasabynda 15% azaljakdygyny çaklaýar. 2021-nji ýylda bazarda 25% ösüş, 2020-nji ýylda 20% ösüş hasaba alyndy.
Noutbuk üpjünçiligi 2020-nji ýylda koronawirus pandemiýasynyň esasynda çalt ýokarlanyp başlady. Isleg köp işgärleriň uzak aralykdan iş režimine geçmegi netijesinde ýüze çykdy, ýokarlandyrylan isleg bilim pudagynda hem hasaba alyndy.

06.06.2026 14:06
2.4k+

Sloweniýanyň parlamenti Ýanez Ýanşanyň ýolbaşçylygyndaky täze hökümeti tassyklady

Sloweniýanyň parlamenti Slowen demokratik partiýasynyň lideri Ýanez Ýanşanyň ýolbaşçylygyndaky ýurduň täze hökümetini tassyklady. Bu barada Euronews teleýaýlymy habar berýär....

05.06.2026 18:04
5.3k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

05.06.2026 17:31
1.6k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:42
3.1k+

Amazon Ýewropa ammarlardaky robotlar we 25 müň iş ornuny döretmek üçin 10 milliard ýewro ugradar

Amazon kompaniýasy ýakyn ýyllarda Ýewropadaky ammar we logistika ulgamyny giňeltmäge hem-de döwrebaplaşdyrmaga 10 milliard ýewrodan gowrak maýa goýar. Bu maýagoýumlar sebitde goşmaça 25 000 iş ornuny döretmäge......