Kanadada Huawei we ZTE kompaniýalarynyň önümlerini ulanmak gadagan edildi

Kanadada Huawei we ZTE kompaniýalarynyň önümlerini ulanmak gadagan edildi

Kanadanyň Innowasiýa, ylym we senagat işleri boýunça ministri Fransua-Filipp Şampan ýurtda Hytaýyň Huawei we ZTE telekommunikasion kompaniýalarynyň önümlerini we hyzmatlaryny ulanmagyň gadagan edilýändigini aýtdy. Muny gazeta.ru salgylanyp, Day.Az ýetirýär.

“Kanadanyň hökümeti telekommunikasion infrastrukturamyzyň uzak möhletleýin howpsuzlygyny üpjün edýär. Bu meýilnamanyň çäginde hökümet Huawei we ZTE kompaniýalarynyň önümleriniň hem hyzmatlarynyň ýurduň telekommunikasion ulgamyna girizilmegini gadagan edýär” – diýlip, ministriň beýanynda aýdylýar.

Şampanyň aýtmagyna görä, Kanadanyň hökümetiniň ýurduň çäginde hytaý kompaniýalarynyň önümlerini ulanmagy gadagan etmek baradaky karary howpsuzlyk meseleleri boýunça garaşsyz kompaniýalar tarapyndan düýpli öwrenilenden we Kanadanyň ýakyn ýaranlary bilen geňeşmeler geçirilenden soň kabul edildi. 
Beýanda Huawei-niň we ZTE-niň enjamyny eýýäm ulanýan kompaniýalara ony aýyrmagyň tabşyrylandygy bellenilýär.