BMW täzelenen sedan we uniwersal 3-Series bilen tanyşdyrdy

  • 21.05.2022 07:21
  • 15k+

BMW kompaniýasy täzelenen sedany we uniwersal 3-Series-i köpçülige görkezdi. Durky täzelenenden soň awtoulaglaryň daş görnüşi üýtgedi, şeýle-de, täze opsiýa we salona eýe boldy. Täze görnüşli 3-Series-i Г görnüşli hodowoý yşyklar, täze bamperler bilen enjamlaşdyrdylar we radiatoryň dik lamelli gözenegini üýtgetdiler. Şeýle hem müşderilere goşmaça hrom elementli M Sport paketini, şeýle hem garaňkyradylan optikaly we gyzyl supportly M-tormozly M Sport Pro-ny hödürlärler. Ulagyň salonynda diagonaly 12,3 dýum bolan enjam paneli bilen multimediýa ulgamynyň ekranyny (14,9 dýum) birleşdirýän uly displeý peýda boldy.

Ulagda adaty KPP-nyň deregine transmissiýaly kiçeňräk dolandyryş selektory oturdylan. Täze ulag eýýäm başdan üç zonaly klimat-kontrol bilen enjamlaşdyrylan. Täze ulagyň önümçiligi Mýunhende we Meksikada ýola goýular. Germaniýada täzelenen BMW 3-Series-iň bahasy 43 900 ýewrodan başlaýar. Ilkinji ulaglar diler merkezlerine şu tomus barar.


düýn 10:57
2k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

28.05.2026 12:32
3.6k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 19:09
7.3k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

17.05.2026 15:25
7.4k+

Ýyrtyjynyň keşbinde kaşaň ulag: 5,2 metrlik Vision BMW Alpina görkezildi

2026-njy ýylda BMW Group-yň düzümine giren Alpina kompaniýasy ösüşiň täze tapgyrynda brendiň ilkinji awtoulagy bolan Vision BMW Alpina konseptini tanyşdyrdy....