«Soňky jaň» dabarasy we Aşgabadyň güni mynasybetli çäreler geçiriler

  • 20.05.2022 19:15
  • 17k+

Hökümetiň 19-njy maýda geçirilen mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew 2021-2022-nji okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli umumybilim berýän mekdepleriň uçurymlarynyň gatnaşmagynda «Soňky jaň» dabarasyny hem-de Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli dabaralary geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, baýramçylyk dabaralary Garaşsyzlyk binasyna hem-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasyndaky 27-nji orta mekdepdäki Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline gül desselerini goýmak çäreleri bilen başlanar. Şol gün ýurdumyzyň ähli orta mekdeplerinde “Halkyň Arkadagly zamanasy” şygary esasynda baýramçylyk dabaralary guralar. Döwlet sirkiniň öňündäki meýdançada köpçülikleýin dabaralary guramak meýilleşdirilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, göz öňünde tutulýan çäreleriň maksatnamasyny makullady hem-de olaryň ýokary derejede geçirilmeginiň möhümdigini belledi, munuň özi uly durmuşa gadam basýan ýaş türkmenistanlylaryň aňynda “Soňky jaň” dabarasy barada iň ýakymly ýatlamalaryň galmagyna ýardam berer.


düýn 09:01
3k+

Çalık Enerji kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» forumynyň baş hyzmatdaşy boldy

«Ak şäherim Aşgabat – 2026» XXV halkara sergisiniň we maslahatynyň guramaçylyk komiteti Çalık Enerji kompaniýasyny forumyň baş hyzmatdaşy diýip yglan etdi. Çäreler 2026-njy ýylyň 24-25-nji maýynda Aşgabatda......

03.05.2026 16:04
1.5k+

Weli Muhadowyň döredijilik mirasy ylmy-amaly maslahatda ara alnyp maslahatlaşyldy

Aşgabatda türkmen kompozitory Weli Muhadowyň ömri we döredijiligine bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi....

02.05.2026 14:08
11k+

Aşgabatda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler

5-nji maýda Aşgabatda kärhanalar, guramalar, edaralar, hususy telekeçiler we şäheriň ýaşaýjylary üçin boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär....

02.05.2026 13:59
2.6k+

TÜRKSOÝ-yň opera konserti, Ýeňiş güni mynasybetli sergi we Aşgabadyň teatr premýeralary

2-nji we 3-nji maýda Aşgabatda, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň opera sungatynyň ussatlarynyň gala-konsertleri geçiriler. Sahnada Azerbaýjandan,......