Büzmeýinde Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezi açylýar

  • 20.05.2022 19:30
  • 9.5k+

Hökümetiň 19-njy maýda geçirilen mejlisinde wise-premýer Ç.Purçekow Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda gurulýan Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezini ulanmaga tabşyrmak üçin görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. 

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bu ýerde alnyp barylýan gurluşyk-gurnama işleri tamamlaýjy tapgyra gadam basdy. Dolandyryş we önümçilik toplumlary guruldy, önümçilik bölümlerinde esasy enjamlar gurnaldy. Alnyp barylýan ähli işler berk gözegçilikde saklanylýar.

Öňdebaryjy tehnologik enjamlara hyzmat etmegiň we olary talabalaýyk abatlamagyň başarnyklaryny öwrenmek maksady bilen, merkeziň hünärmenleri daşary ýurtlarda hünär kämilleşdiriş okuwyny geçdiler. Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň ulanmaga berilmegi ýurdumyzda hereket edýän elektrik stansiýalarynyň enjamlaryny abatlamaga, sarp edilýän wagty azaltmaga we ýurdumyzyň ýokary derejeli hünärmenleriniň taýýarlanylmagyna ýardam berer.

Prezident Serdar Berdimuhamedow elektroenergetika pudagynyň bu möhüm desgasyndaky işleriň bellenen möhlete laýyklykda doly tamamlanmagyna we açylyş dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine berk gözegçiligi üpjün etmäge wise-premýeri borçly etdi.


08.09.2025 22:40
32k+

Aşgabatda ýakyn günlerde sowadyjyly 700 sany täze ýolagçy awtobuslary hyzmat edip başlar

Aşgabada uzynlygy 12 metr bolan «Yutong» kysymly, üç gapyly, sowadyjyly ýolagçy awtobuslarynyň 700-si getirildi. Olar ýakyn günlerde ýolagçylara hyzmat edip başlar diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi...

08.09.2025 10:27
8.2k+

Az bulutly, maýyl hepde. Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (08.09 - 14.09)

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi. Aşgabatda az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 10 — 13 metrden 14 — 16 metre ýetýän şemal öwser...

03.09.2025 11:06
4k+

Sirk möwsümi başlaýar: Türkmenistanyň Döwlet sirki “Görogly” atly täze sirk çykyşyna çagyrýar

Türkmenistanyň Döwlet sirki täze möwsüme başlaýar we täze sirk şüweleňlerine tomaşa etmäge çagyrýar. Tomaşaçylara Arkadag şäheriniň “Görogly” adyndaky döwlet atçylyk sirki we Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen bilelikde “Görogly” şadessanyndan sahnalaşdyrylan “Görogly” atly  sirk çykyşy hödürleniler...

25.08.2025 15:49
2.7k+

Aşgabatda okuwçylaryň arasynda “Ozon we klimat” ylmy-döredijilik bäsleşigi yglan edildi

Türkmenistanda ozon gatlagyny goramagyň Halkara güni mynasybetli mekdep okuwçylarynyň arasynda “Ozon we klimat” atly ylmy-döredijilik bäsleşigi yglan edildi. Bäsleşigi “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy BMG-niň Senagat Ösüşi boýunça guramasy (UNIDO) we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) bilen bilelikde guraýar...