Büzmeýinde Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezi açylýar

  • 20.05.2022 19:30
  • 9.6k+

Hökümetiň 19-njy maýda geçirilen mejlisinde wise-premýer Ç.Purçekow Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda gurulýan Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezini ulanmaga tabşyrmak üçin görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. 

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bu ýerde alnyp barylýan gurluşyk-gurnama işleri tamamlaýjy tapgyra gadam basdy. Dolandyryş we önümçilik toplumlary guruldy, önümçilik bölümlerinde esasy enjamlar gurnaldy. Alnyp barylýan ähli işler berk gözegçilikde saklanylýar.

Öňdebaryjy tehnologik enjamlara hyzmat etmegiň we olary talabalaýyk abatlamagyň başarnyklaryny öwrenmek maksady bilen, merkeziň hünärmenleri daşary ýurtlarda hünär kämilleşdiriş okuwyny geçdiler. Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň ulanmaga berilmegi ýurdumyzda hereket edýän elektrik stansiýalarynyň enjamlaryny abatlamaga, sarp edilýän wagty azaltmaga we ýurdumyzyň ýokary derejeli hünärmenleriniň taýýarlanylmagyna ýardam berer.

Prezident Serdar Berdimuhamedow elektroenergetika pudagynyň bu möhüm desgasyndaky işleriň bellenen möhlete laýyklykda doly tamamlanmagyna we açylyş dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine berk gözegçiligi üpjün etmäge wise-premýeri borçly etdi.


düýn 20:34
1.2k+

«Ýaş tebigatçy» guramasy «Bilelikde ýaşyl geljege!» eko-festiwalyna gatnaşmaga çagyrýar

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ekologiýa medeniýetini ösdürmäge hem-de durnukly ösüşe bagyşlanan «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwala gatnaşmaga......

23.06.2026 19:04
8.6k+

Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy ýük ulaglary üçin sürüjileri işe alýar

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy «KamAZ 6520» kysymly agyr ýük göteriji awtoulaglary dolandyrjak sürüjileri işe alýandygyny mälim etdi....

06.06.2026 20:16
3.1k+

Aşgabatda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ekologiýa maslahaty geçirildi

Aşgabatda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ekologiýa abadançylygy we halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu çäre Daşky gurşawy......

06.06.2026 16:07
6.9k+

Aşgabatda «Tagiýew. Nebit» filmi görkezildi

Aşgabatda Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet günleriniň çäginde «Tagiýew. Nebit» çeper filminiň ilkinji görkezilişi boldy. Kinofilm «Aşgabat» kinoteatrynda köpçülige hödürlendi we iki ýurduň arasyndaky......