Altynyň bahasy gymmatlamagyny dowam edýär

  • 18.05.2022 15:35
  • 18k+

Altyn sişenbe güni agşamky ýagdaý boýunça gymmatlamagyny dowam edýär, bu gymmatly metalyň troý unsiýasynyň bahasy 1800 dollardan ýokary bolmagynda galýar, muňa söwdalaşyklaryň maglumatlary şaýatlyk edýär.

Nýu-Ýorkuň Comex biržasynda altynyň iýun fýuçersiniň bahasy aşgabat wagty bilen 21.06-daky ýagdaýa görä, 3,11 dollar gymmatlady, ýa-da 0,13% - troý unsiýasy 1816,4 dollara çykdy. Kümşüň iýul fýuçersi 0,56% - unsiýasy 21,67 dollara çenli gymmatlaýar. 
Ýaňy-ýakynda altynyň troý unsiýasy 1800 dollardan aşak düşenden soň, häzir ýene üç gün yzly-yzyna gymmatlamagyny dowam edýär. 
Altynyň bahasynyň artmagyna, esasan, dollaryň arzanlamagy öz täsirini ýetirýär. Şeýlelikde, dollaryň indeksi (alty ýurduň - ABŞ-yň söwda hyzmatdaşlarynyň gyzyl pul sebedine kurs) 0,74%, 103,42 punkta çenli kemelýär. Dollaryň peselmegi altyna bolan islegi artdyrýar we ony beýleki beýleki walýutalara derek has elýeterli edýär.

şu gün 11:44
46

2025-nji ýylda Wikipediada haýsy sahypalar köp görüldi

Wikipedia 2025-nji ýylda iň köp görlen iňlis dilindäki sahypalaryň sanawyny hödürledi. Geçip barýan ýylyň lideri sagçy aktiwist Çarli Kirk baradaky makala boldy. Ol 10-njy sentýabrda Ýuta ştatyndaky debat wagty heläk boldy...

düýn 10:04
7.4k+

A23a aýsbergi dünýäde iň uly aýsberg adyny ýitirdi

A23a aýsberginiň meýdany soňky üç aýda 22%, 1370 inedördül kilometre çenli azaldy. Netijede, ol dünýäde iň uly aýsberg adyny ýitirdi. Bu barada Arktika we Antarktika ylmy-gözleg instituty habar berdi. Hünärmenleriň maglumatlaryna görä, indi täze iň uly aýsberg diýlip meýdany 3071 inedördül kilometr bolan D15A hasaplanýar...

düýn 09:57
3k+

Samsung üç eplenýän Galaxy Z TriFold smartfonynyň gutusyny açyp görkezdi

Samsung ýakynda hödürlenen we häzirlikçe diňe Günorta Koreýada satmagy meýilleşdirilýän Galaxy Z TriFold smartfonynyň gutusyny açyp görkezýän resmi wideo bilen paýlaşdy. Model, takmynan, 2500 dollar bilen bahalandyryldy...

05.12.2025 17:42
2.7k+

Türkmen döwlet gurjak teatrynda «Maugli» spektakly görkeziler

Türkmen döwlet gurjak teatrynda «Maugli» spektaklynyň premýerasy taýýarlanylýar – ol 12-nji dekabrda görkeziler. Bu sahna oýny iňlis ýazyjysy Redýard Kiplingiň adybir eseriniň esasynda goýuldy. Spektakl tomaşaçylara dünýäniň nusgawy eserleriniň teatr hepdeliginiň çäginde görkeziler...