Dünýäniň iň gowy myhmanhanalary saýlandy

  • 18.05.2022 15:29
  • 21k+

Travellers’ Choice 2022 halkara baýragynyň jemi boýunça dünýäniň iň gowy myhmanhanasy Kosta-Rikada ýerleşýän Tulemar Bungalows & Villas boldy. Iň gowy myhmanhanalaryň doly sanawy TripAdvisor onlaýn-serwisiniň saýtynda ýerleşdirildi diýip, Day.Az habar berýär.

Tulemar Bungalows & Villas şypahanasy Ýuwaş ummana çykýan görnüş bilen baýryň ýapgydynda, jeňňelde ýerleşýär. Myhmanhananyň ýerleşýän ýerinden başga-da, syýahatçylary onuň hyzmat derejesi, arassaçylygy we tebigy görnüşler özüne çekýär.

Ikinji orny Gramaduda (Braziliýa) ýerleşýän Hotel Colline de France myhmanhanasy eýeledi. Onuň myhmanlary binanyň italýan stilini has gowy görüp, ony dünýäniň iň romantiki myhmanhanalarynyň sanawynda birinji orunda goýdular. Myhmanlar onuň hyzmat edýän işgärlerini hem öwdüler.

Üçünji orny Gresiýadaky Ikos Aria myhmanhanasy eýeledi – bäş ýyldyzly myhmanhana çägeli suwa düşülýän kenary, arassa deňiz we “ajaýyp ada görnüşi” bilen syýahatçylary haýrana goýýar. Bulardan başga-da, döwrebap stil bilen adaty myhmansöýerligiň utgaşmasy dynç alýanlary özüne çekdi.

Sanawda Maldiwleriň, Indoneziýanyň, Şweýsariýanyň, Türkiýäniň, Ispaniýanyň, Tailandyň we Müsüriň hem birnäçe myhmanhanasy bar.


28.04.2026 07:10
4.7k+

​"Şäher ägirt uly myhmanhana bolup bilmez": Afiny syýahatçylyk boýunça berk çäreleri yglan etdi

Afinynyň şäher häkimligi syýahatçylaryň aşa köp gelýändigi sebäpli taryhy Plaka etrabynda syýahatçylygy goldaýan ähli maksatnamalaryny togtatmak kararyna geldi. Geçen ýyl şäher rekord derejede 8 million......

26.04.2026 21:03
5.4k+

Finlýandiýanyň paýtagtynda dünýäniň iň uzyn pyýada köprüleriniň biri açyldy

Helsinkide uzynlygy 1191 metr bolan «Kruunuwuorensilta» köprüsi açyldy. Ol Finlýandiýadaky iň uzyn we iň belent köpri boldy....

25.04.2026 12:45
4k+

Berlinde syýahatçylar şäher zibilini ýygnandygy üçin sylaglanyp başlanar

2026-njy ýylyň tomsunda Berliniň häkimiýetleri «BerlinPay» maksatnamasyny ýola goýmagy meýilleşdirýär. Onuň çäklerinde syýahatçylar zibil ýygnamak we jemgyýetçilik başlangyçlaryna gatnaşmak arkaly medeni......

24.04.2026 10:18
5.3k+

Wýetnam syýahatçylar üçin sanly gelmek kartyny synagdan geçirmäge başlady

Wýetnam daşary ýurtly syýahatçylar üçin sanly gelmek kartyny synagdan geçirmäge başlady. Bu ulgam ilki bilen Hoşimin şäherindäki Tanşonnýat howa menzilinde işläp başlady. Soňlugy bilen ony beýleki giriş......