Geljek annada Aşgabatda BAE-niň merhum Prezidentiniň belli güni belleniler

  • 15.05.2022 18:02
  • 32k+

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň merhum Prezidenti Şeýh Halifa Bin Zaýed Al Nahaýýanyň aradan çykmagy zerarly geçirilýän hatyra çärelerine gatnaşmk üçin Abu-Dabi şäherinde boldy.

Abu-Dabide bolmagynyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow Abu-Dabiniň mirasdüşer şazadasy, Birleşen Arap Emirlikleriniň Ýaragly Güýçleriniň Ýokary Serkerdebaşysynyň orunbasary Şeýh Muhammed Bin Zaýed Al Nahaýýan bilen geçiren duşuşygynda BAE-niň merhum Prezidentiniň Türkmenistanda giňden tanalýandygyny, onuň biziň ýurdumyz üçin haýyr-sahawatlyk babatda ägirt uly işleri bitirendigini aýratyn belledi.

Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow onuň paýtagtymyzdaky metjidiň, Döwletliler Köşgüniň, «Ene mähri» merkeziniň, Halkara iç keselleri merkeziniň gurulmagynda, Arçman şypahanasynyň döwrebaplaşdyrylmagynda, Maryda Çagalar hassahanasynyň gurluşygynda, Marynyň Halkara howa menziliniň döwrebaplaşdyrylmagynda, şeýle hem paýtagtymyzdaky Döwletliler Köşgüne haýyr-sahawat goldawlarynyň berilmeginde aýratyn uly tagallasynyň bardygyny nygtady.

Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň merhum Prezidenti Şeýh Halifa Bin Zaýed Al Nahaýýanyň eden ýagşylyklarynyň, haýyr işleriniň hiç wagt unudylmajakdygyny belledi. Şeýle hem hajy Arkadagymyz Abu-Dabiniň mirasdüşer şazadasyna ýüzlenip, razylyk berlen ýagdaýynda merhumyň Aşgabatda gurduran metjidinde geljek annada Aşgabatda onuň belli gününi bellemekçidigini aýtdy. Gahryman Arkadagymyz emirlikler halkyna agzybirlik, merhumyň maşgala agzalaryna, dogan-garyndaşlaryna ruhy durnuklylyk, sabyr kanagatlylyk dileg edip, medet beriji sözlerini beýan etdi.


düýn 20:34
854

«Ýaş tebigatçy» guramasy «Bilelikde ýaşyl geljege!» eko-festiwalyna gatnaşmaga çagyrýar

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ekologiýa medeniýetini ösdürmäge hem-de durnukly ösüşe bagyşlanan «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwala gatnaşmaga......

25.06.2026 20:02
6.8k+

BAE-de ilkinji gezek ýolagçy otly gatnawy ýola goýulýar

Birleşen Arap Emirliklerinde 2026-njy ýylyň 30-njy iýunyndan başlap, ilkinji gezek yzygiderli ýolagçy otly gatnawlary hereket edip başlar. Etihad Rail ýolagçy liniýasynyň açylmagy ýurduň ähli ýedi emirligini......

23.06.2026 19:04
8.5k+

Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy ýük ulaglary üçin sürüjileri işe alýar

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy «KamAZ 6520» kysymly agyr ýük göteriji awtoulaglary dolandyrjak sürüjileri işe alýandygyny mälim etdi....

19.06.2026 08:15
2.1k+

BAE göreşe goşuldy: ýurtda 15 ýaşdan kiçilere sosial torlaryny ulanmak gadagan edildi

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Hökümeti kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sosial ulgamlaryny ulanmagyny düýpgöter çäklendirýän karary tassyklady. «Khaleej Times» neşiriniň habar bermegine görä, mundan beýläk......