Awazada dynç almak üçin elektron rugsatnamany nädip resmileşdirmeli?

Awazada dynç almak üçin elektron rugsatnamany nädip resmileşdirmeli?

Awazada dynç almak isleýän raýatlar ol ýere gitmek üçin elektron rugsatnamany resmileşdirmeli bolarlar. Degişli hyzmat Döwlet migrasiýa gullugynyň saýtynda işe girizildi.

Rugsatnama almak üçin saýtda, ilki bilen, bellige alynmaly, şahsy maglumatlaryňy, myhmanhananyň adyny, haýsy wagtdan haýsy wagta çenli dynç aljagyňy  girizmeli.
Maglumatlar girizilenden soň, olar migrasiýa gullugy tarapyndan seljerilýär. Seljerme tamamlanandan soňra şahsy otaga elektron rugsatnama  ugradylýar.
Hazaryň kenarynda dynç almak üçin ýollanma haty bilen elektron rugsatnamadan hem başga, koronawirusa garşy sanjym hakyndaky sertifikatyň hem zerurdygyny aýtmalydyrys.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyş möwsüminiň 15-nji maýda açylýandygyny we 1-nji sentýabra çenli dowam etjekdigini ýatladýarys.