Türkmenistanda halkara çäreleri geçirmegiň gaznasy hereket eder

  • 10.05.2022 09:30
  • 13k+

Türkmenistanda 2019-njy ýylda birinji Hazar ykdysady forumyny geçirmek bilen bagly Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň gaznasynyň ady üýtgedilip, ol Türkmenistanda halkara çäreleri geçirmegiň gaznasy diýlip atlandyryldy we onuň Düzgünnamasy tassyklanyldy. Bu baradaky degişli Karara Prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdi.

Şeýle hem resminama bilen, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.


düýn 12:21
3.3k+

Türkmenistanda BMG-niň Jemgyýetçilik ösüşi boýunça Ikinji Bütindünýä Sammitine gatnaşýar

4 – 6-njy noýabr aralygynda Katar Döwletiniň Doha şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Jemgyýetçilik ösüşi boýunça Ikinji Bütindünýä Sammiti geçirilýär. Sammite türkmen tarapyndan Türkmenistanyň zähmet we Ilaty durmuş taýdan goramak ministri M...

düýn 12:16
10k+

Türkmenistan Owganystana duýgudaşlyk bildirdi we ynsanperwerlik kömegini bermäge taýýardygy barada aýtdy

Türkmenistan Owganystanyň demirgazygynda bolup geçen we adam pidalaryna hem-de şikes ýetmelere getiren ýertitremesi bilen baglanyşykly Owganystana duýgudaşlyk bildirdi. Bu barada 4-nji noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Owganystanyň Türkmenistandaky Işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Fazal Muhammad Sabir bilen duşuşygynda aýtdy...

düýn 11:19
2.7k+

ÝUNESKO 15-nji dekabry Türki dilleriň maşgalasynyň bütindünýä güni diýip yglan etdi

Samarkantda geçirilen ÝUNESKO-nyň 43-nji Baş maslahatynyň çäginde her ýylyň 15-nji dekabrynda Türki dilleriň maşgalasynyň bütindünýä gününi belläp geçmek hakynda karar kabul edildi. Bu sene türki dilli halklaryň dil, medeni we taryhy birligini alamatlandyrar...

düýn 11:08
10k+

Türkmen-owgan serhedindäki «Serhetabat» gümrük nokadynyň ulag geçirijilik kuwwatyny 2,5 esse ýokarlandyrmak meýilleşdirilýär

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy türkmen-owgan döwlet serhedinde ýerleşýän «Serhetabat» gümrük nokadynyň durkuny täzelemek boýunça gurluşyk işlerine girişýär. Bu barada gullugyň resmi saýtynda habar berilýär...