Mohamed Salah Angliýada ýylyň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

  • 02.05.2022 17:01
  • 7.4k+

“Liwerpulyň” müsürli hüjümçisi Mohamed Salah Futbol žurnalistleriniň assosiasiýasynyň (FWA) wersiýasyna görä, Angliýanyň futbolynda 2021/22-möwsüminiň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi. Bu barada guramanyň resmi saýtynda habar berilýär.

Žurnalistleriň pikir soraşmasynda Salah 48% ses alyp, “Mançester Sitiniň” ýarym goragçysy Kewin de Brýoýne bilen “West Hemiň” hawbeki Deklan Raýsdan öňe geçdi. Olar pikir soraşmada ikinji we üçünji orunlary eýelediler.

FWA Salahy 2018-nji ýylda-da iň gowy oýunçy diýip saýlapdy. Häzirki möwsümde Salah “Liwerpul” üçin dürli ýaryşlarda 44 oýunda 30 gol girizip, 14 netijeli geçirim etdi.

Zenanlaryň arasyndaky futbolda ýylyň iň gowy oýunçysy “Çelsiniň” hüjümçisi Sem Kerr boldy. Salaha we Kerre baýraklar 5-nji maýda gowşurylar.

Žurnalistleriň wersiýasyna görä Angliýanyň futbolynda ýylyň iň gowy oýunçysy üçin baýrak 1947/48-möwsüminden bäri berilýär. Geçen möwsümde ony “Mançester Sitiniň” goragçysy Ruben Diaş aldy.


şu gün 15:45
2.6k+

UEFA Gurban Berdiýewiň «Turan-Towuz» toparyny ýewrokuboklardan çetleşdirdi

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşigi (UEFA) Azerbaýjanyň «Turan-Towuz» klubuny 2026/27 möwsüminiň Konferensiýa ligasyna gatnaşmakdan çetleşdirdi. Bu çözgüt 2019-njy ýylda klubuň ýedi futbolçysynyň......

düýn 17:32
4.9k+

70-nji "Altyn topuň" gowşuryljak ýeri we senesi yglan edildi

"France Football" žurnalynyň wersiýasy boýunça ýylyň iň gowy futbolçysyna berilýän 70-nji ýubileý "Altyn top" gowşurmak dabarasy 2026-njy ýylyň 26-njy oktýabrynda we taryhda ilkinji gezek Londonda geçiriler....

düýn 12:06
8.1k+

Futbol nebereleri: Zidanyň ogly DÇ-2026-da Alžiriň düzüminde oýnar, Ançelottiniň ogly bolsa «Lilliň» tälimçisi boldy

Alžiriň Futbol federasiýasy öňümizdäki dünýä birinjiligine gatnaşjak milli toparyň gutarnykly sanawyny mälim etdi. Bu sanawa Ispaniýanyň «Granada» klubunyň 28 ýaşly derwezeçisi, meşhur fransuz futbolçysy......

01.06.2026 19:46
8.7k+

Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň topary we goly yglan edildi

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşiginiň tehniki synçylar topary Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň toparyny we iň gowy on goluny saýlady. Bu barada UEFA-nyň resmi sahypasynda habar berilýär....