2-nji maýda Türkmenistanda Oraza baýramy mynasybetli dynç alnar

  • 29.04.2022 23:20
  • 17k+

Türkmen halkynyň milli baýramy bolan Oraza baýramy şu ýylyň 2-nji maýynda belleniler. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow şu gün — 29-njy aprelde degişli Permana gol çekdi.

Halkymyzyň bitewüligini, agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek, türkmen halkynyň köpasyrlyk däp-dessurlaryna aýawly çemeleşmek, gymmatly ruhy baýlyklarymyzy gorap saklamak maksady bilen gol çekilen resminama laýyklykda, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralara, kärhanalara we guramalara Permanyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.


şu gün 17:00
2.6k+

Türkmen raýatlary üçin “ASAN Visa” portaly türkmen dilinde işe girizildi

Azerbaýjan Respublikasyna syýahat etmek isleýän Türkmenistanyň raýatlary üçin elektron wiza almak işini ýeňilleşdirmek maksady bilen «ASAN Visa» portalynyň türkmen dilindäki wersiýasy işe girizildi. Bu başlangyç...

şu gün 15:26
3k+

Türkmenistanyň Adalat ministrligi hukuk namalarynyň «Adalat» elektron toplumyna elýeterliligi giňeltdi

Türkmenistanyň Adalat ministrligi ýurduň kadalaşdyryjy hukuk namalary baradaky maglumatlary, olara girizilen soňky üýtgetmeleri we goşmaçalary özünde jemleýän «Adalat» elektron maglumat toplumy programmasyny işläp düzdi...

düýn 18:22
1.7k+

Minskdäki halkara kitap sergi-ýarmarkasynda Türkmenistanyň Güni guralar

17–22-nji mart aralygynda Minsk şäherinde XXXIII Halkara kitap sergi-ýarmarkasy geçiriler. Bu çäre GDA giňişligindäki iň iri kitap forumlarynyň biridir. Belta agentliginiň habar bermegine görä, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň tematiki günleriniň çäginde Türkmenistan hem öz maksatnamasyny hödürlär...

düýn 16:34
1.8k+

Döwlet sirki Nowruz baýramy mynasybetli çagalar üçin täze şüweleň taýýarlaýar

Türkmenistanyň Döwlet sirki Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli çagalar üçin täze sirk oýunlarynyň maksatnamasyny taýýarlady. Tomaşaçylar şüweleňiň dowamynda türkmen milli sirk sungatynyň däplerini özünde jemleýän çykyşlara tomaşa edip biler...