Türkmenistanda kiberhowpsuzlyk boýunça bäsleşik geçiriler

  • 28.04.2022 11:32
  • 22k+

"Türkmenaragatnaşyk" agentligi bilen Türkmenistanyň bilim ministrligi bilelikde "Kiberbäsleşik" atly maglumat howpsuzlygy boýunça bäsleşik geçirer. Bäsleşigiň düzgünnamasy Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň saýtynda çap edildi.

Bäsleşik bu ugurdan bilimli hünärmenleriň, işgärleriň we ýokary okuw mekdepleriniň maglumat howpsuzlygyny öwrenýän talyplarynyň başarnyklaryny ösdürmek, şeýle hem, olaryň IT ugurdan hünär derejelerini ýokarlandyrmak maksady bilen esaslandyryldy diýip, resminamada aýdylýar.
Bäsleşigi her ýylyň aprel-oktýabr aýlary aralygynda üç tapgyra bölüp geçirmek meýilleşdirilýär. Birinji tapgyr edaralaryň arasynda, ikinjisi - pudagara, üçünjisi - umumymilli bolar. 
Bäsleşige ministrlikler we pudak edaralary, harby we hukuk goraýjy edaralar, olara tabyn guramalar, kärhanalar öz wekillerini ýollap bilerler. 
Bäsleşigiň ýumuşlary ýörite guramaçylyk komiteti tarapyndan kesgitlenilýär we bäsleşigiň geçiriljek güni yglan edilýär. Şonuň ýaly-da, IT-hünärmenleriň hakyky durmuşda bar bolan we giň ýaýran kiberhowplara garşy durup biliş başarnyklaryny barlamaga mümkinçilik berýän meşhur Capture the Flag formatynda hem bäsleşikleri geçirmek göz öňünde tutulýar.


13.06.2026 16:56
2.2k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

14.04.2026 14:26
6.3k+

Türkmenistanyň alymlary gowaçanyň täze «Daşoguz-11» we «Daşoguz-12» görnüşlerini synagdan geçirýär

Ylmy-barlag pagtaçylyk institutynyň Daşoguz şahamçasynyň alymlary sebitiň şertlerine uýgunlaşdyrylan gowaçanyň täze görnüşlerini döretmegiň üstünde işleýär. Şu ýyl synag üçin «Daşoguz-11» we «Daşoguz-12»......

06.03.2026 17:29
5.6k+

HNGU-nyň talyp gyzy kükürtden boýag serişdesini almagyň tehnologiýasyny işläp düzdi

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Maral Gullyýewa adaty kükürtden boýag serişdelerini almagyň tehnologiýasyny işläp düzdi. Bu oýlap tapyş Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy tarapyndan bellige alyndy...

28.02.2026 13:00
3.6k+

«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň barlaghanalary halkara akkreditasiýadan geçiriler

Türkmenistanda «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň synag barlaghanalaryny halkara akkreditasiýadan tapgyrlaýyn geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisiniň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H...