Şu ýylda Türkmenistandan 2083 adam haj parzyny berjaý edip biler

  • 27.04.2022 06:03
  • 25k+

Saud Arabystany 2022-nji ýylda her ýurtdan haj parzyny berjaý etmek üçin zyýaratçylaryň mümkin bolan sanyny kesgitledi. Şeýlelikde, şu ýylda Türkmenistandan 2083 adam haj parzyny berjaý edip biler diýip, Al-Kanz habar berýär.

Ýakynda Saud Arabystany daşary ýurtly zyýaratçylara soňky üç ýylda ilkinji gezek haja gitmäge (Mekgä zyýarat etmek) rugsat berdi. Haj parzyny berjaý etmäge rugsat berilýän zyýaratçylaryň sany 1 mln adama çenli artdyryldy.
Şeýlelikde, şu ýyl COVID-19-a garşy sanjym alan 65 ýaşdan kiçi adamlar Mekgä zyýarat edip bilerler. Zyýaratçylar gelenlerinden soň koronawirus üçin PZR-barlagynyň otrisatel netijesini görkezmeli bolarlar.


düýn 08:54
7.4k+

Gar gatyşykly ýagyş ýagar: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (15.12 - 21.12)

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi. Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda gar gatyşykly ýagyş ýagar...

13.12.2025 17:03
5.3k+

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda baýramçylyk konserti boldy

12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti boldy. Oňa Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda geçirilen halkara çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada gelen daşary ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlary bilen bilelikde gatnaşdy...

12.12.2025 15:21
3.2k+

Döwletliler köşgünde we Arkadag şäherindäki sagaldyş-dikeldiş merkezinde terbiýelenilýän çagalara sowgatlar gowşuryldy

11-nji dekabrda Aşgabatdaky Döwletliler köşgünde bilim-terbiýe alýan çagalar hem-de Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde terbiýelenilýän we saglygy dikeldilýän çagalar dürli datly miwelerden, süýjülik we beýleki naz-nygmatlardan ybarat sowgatlary kabul etdiler...

12.12.2025 15:14
6.5k+

Arkadag şäherinde baýramçylyk mynasybetli täze öýleriň eýelerine açarlar gowşuryldy

11-nji dekabrda Arkadag şäherinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramçylygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ýaşaýyş jaýlaryndan öýleriň açarlarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Bu barada "Türkmenistan" gazetinde habar berilýär...