Meta ABŞ-da wirtual hakykat üçin harytlar bilen ilkinji oflaýn dükanyny açar

  • 28.04.2022 11:07
  • 3k+

Meta korporasiýasy önümlerini satmak üçin Kaliforniýada Meta Store dükanyny açar. Bu barada CNN teleýaýlymy habar berdi.

9-njy maýda açyljak dükan alyjylara kompaniýanyň harytlaryny janly görmäge we wirtual hakykat bilen baglanyşykly önümleri barlamaga mümkinçilik berer. Häzirlikçe Meta Store-iň diňe bir bölümi açylar.

Meta wirtual hakykat bilen programma üpjünçiligi üçin çalt ösýän garnitura bazarynda liderleriň biridir. 2021-nji ýylda kompaniýa 11 mln töweregi VR garniturasyny satdy. Mundan başga-da, korporasiýa wideo aragatnaşyk üçin  gurluşlary we üsti ýetirilen hakykat funksiýasy bilen “akylly” äýnekleri satýar.


düýn 23:51
3.5k+

Nebraskada 50 ýaşly wagt kapsulasyny açdylar. Içinden hakyky awtoulag çykdy

ABŞ-nyň Nebraska ştatynyň Stýuard şäherinde, takmynan, 50 ýyl bäri ýeriň astynda ýatan wagt kapsulasy açyldy. Içindäki 5000-den gowrak predmetiň arasynda gowy ýagdaýda saklanyp galan hakyky Chevrolet Vega ýeňil ulagy hem bar diýip, The Drive ýazýar...

düýn 20:45
1.5k+

ByteDance ABŞ üçin TikTok-yň we CapCut-yň aýratyn wersiýalaryny çykarar

Hytaýyň ByteDance kompaniýasy diňe bir TikTok sosial ulgamynyň däl, eýsem CapCut wideoredaktorynyň aýratyn wersiýasyny çykarmagy meýilleşdirýär. Olar diňe ABŞ-daky ulanyjylara gönükdiriler diýip, Business Insider habar berýär...

09.07.2025 14:16
3.2k+

Trump Media kompaniýasy Netflix-iň bäsdeşi boljak Truth+ akym hyzmatyny işe girizdi

Trump Media kompaniýasy özüniň Truth+ akym hyzmatynyň dünýä derejesinde işe başlandygyny habar berdi. Häzirki wagtda platformadaky göni ýaýlymlar we wideo mazmun mugt elýeterlidir. Abuna ýazylmak barada maglumat ýok diýip, Reuters ýazýar...

09.07.2025 13:12
10k+

ABŞ-da göz şekilli penjireleri bolan üýtgeşik myhmanhana guruldy

Denwer amerikan şäheriniň merkezinde fasady ýüzlerçe “göz” şekilinde ýerine ýetirilen üýtgeşik Populus myhmanhanasy açyldy. Binagärlik taslamasy Studio Gan studiýasy tarapyndan durmuşa geçirildi we diňe bir täsin dizaýny bilen däl, eýsem gurluşyga ekologik çemeleşmesi bilen tapawutlanýar diýip, ArchDaily ýazýar...