Nissan awtomobiliň päsgelçilik bilen çaknyşmagyndan awtomatik sowuş ulgamyny döredýär

  • 26.04.2022 17:41
  • 14k+

Ýaponiýanyň Nissan Motor korporasiýasy awtoulaga beýleki awtoulaglar, pyýadalar we beýleki päsgelçilikler bilen çaknyşmakdan gaçmaga mümkinçilik berýän toplumlaýyn awtomatik ulgamyň işlenip düzülýändigini habar berdi. Onuň döredilmegini şu onýyllygyň ortalaryna çenli tamamlamak göz öňünde tutulýar, 2030-njy ýyla çenli bolsa bu gurluş bilen Nissan markasynyň önümleriniň ählisi diýen ýaly üpjün ediler diýlip, kompaniýanyň habarynda aýdylýar.  

Korporasiýanyň Ýokosuka şäherindäki synag meýdançasynda žurnalistlere täze ulgam bilen üpjün edilen awtomobiliň oňa tarap hereket edýän beýleki awtoulagdan özbaşdak nähili çekilendigi we gaýtadan gurnalandan soň ýolagçyny şekillendiren duýdansyz peýda bolan manekeni baryp urmakdan gaçandygy görkezildi. Munuň üçin awtomobiliň töweregindäki ähli obýektleri bellige almaga we 300 m aralykda päsgelçilikleri bilmäge mümkinçilik berýän sensorlar ulanylýar. Häzirki wagtda şeýle gurluşlary miniatýuralaşdyrmagyň we olaryň çykdajylaryny azaltmagyň üstünde işler alnyp barylýar. 

Täze ulgam doly sürüjisiz awtomobiliň möhüm bölegi bolmaly diýip, Nissan düşündirýär. Şeýle işler beýleki kompaniýalarda hem alnyp barylýar. Mysal üçin, Honda Motor sürüjini ýüze çykýan howplar we päsgelçilikler barada habardar etjek emeli intellekt ulgamyny döredýär. Ony 2020-nji ýyllaryň ikinji ýarymynda durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär.


08.06.2026 16:02
2.1k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

07.06.2026 16:58
2.7k+

Nissan 19 ýyldan soň Primera modelini bazara gaýtardy, ýöne indi elektrik fastbek görnüşinde

Nissan kompaniýasy 2007-nji ýyldan bäri bazarda görünmeýän Primera modeliniň täze neslini tanyşdyrdy. Awtomobiliň köpçülikleýin premýerasy Filippiniň halkara awtosalonynda (PIMS) boldy....

05.06.2026 18:16
6.3k+

Mitsubishi we Nissan bileleşip täze pikap dörederler

Mitsubishi kompaniýasy Nissan bilen bilelikde işlenip düzüljek täze model arkaly pikaplarynyň hataryny giňeltmegi meýilleşdirýär. Täze önüm ilkinji nobatda ABŞ-nyň bazaryna gönükdiriler....

31.05.2026 16:54
4.8k+

Nissan boýaýjy sehleriň galyndylaryny ulanmagyň usulyny tapdy: galyndyny ses izolirleýjä öwürýär

Nissan kompaniýasy Takayama Group bilen hyzmatdaşlykda boýag önümçiliginiň galyndylaryny gurluşyk senagaty üçin ses izolirleýji materiallara gaýtadan işlemäge başlady....