«KAMAZ-yň» Türkmenistandaky hyzmat merkezleriniň gurluşygy ýylyň ahyryna doly tamamlanýar

  • 26.04.2022 13:04
  • 16k+

24-nji aprelde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň Türkmenistana saparynyň çäklerinde «KAMAZ» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory Sergeý Kogogin hem Aşgabada geldi we Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşyk geçirdi.

Kompaniýanyň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, Sergeý Kogogin we Prezident Serdar Berdimuhamedow hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşykda Türkmenistanda dürli maksatlarda işjeň ulanmak maksady bilen, «KAMAZ» ulaglaryny üpjün etmek meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

 «Türkmenistanyň Prezidentiniň ähli görkezmeleri ýerine ýetirilýär. Şu ýylyň iýun aýynda we ýylyň ahyryna çenli ýurduň ähli welaýatlarynda «KAMAZ» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň täze hyzmat merkezleriniň gurluşygyny tamamlarys. Ulaglar bilen üpjün etmek üçin ozal baglaşylan üç ýyllyk Şertnama doly ýerine ýetirildi. Biz kepillik borçnamalarynyň ählisini ýerine ýetirýäris we hyzmat goldawyny berýäris» diýip, Sergeý Kogogin öz maksadynyň «KAMAZ-yň» işini dowam etdirmekden, Türkmenistanda täze iş orunlaryny döretmekden we halk hojalygynyň tehnologik zerurlyklaryny kanagatlandyrmakdan ybaratdygyny nygtady.


düýn 19:01
901

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......