Türkmen harytlary indi «Türkmenistanda öndürilen» milli nyşany bilen daşary ýurtlara iberiler

  • 24.04.2022 01:08
  • 20k+

Ýurdumyzyň harytlaryny daşarky bazarlarda ilerletmek üçin «Türkmenistanda öndürilen» atly milli nyşan taýýarlanylýar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly 22-nji aprelde geçirilen mejlisinde wise-premýer Ç.Gylyjow habar berdi.

Bellenilişi ýaly, «Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň harytlarynyň daşary ýurt bazarlaryna ýerlenilişini artdyrmak maksady bilen, täze milli söwda nyşanly harytlary döretmek hem-de olary dünýä bazarlarynda giňden tanatmak boýunça wezipeler göz öňünde tutuldy.  Şoňa görä-de, «Türkmenistanda öndürilen» nyşanynyň şekilini saýlap almak maksady bilen, Söwda-senagat edarasynda degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň suratkeşleriniň, dizaýnerleriň, talyplaryň we raýatlaryň arasynda bäsleşik yglan etmek meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutany «Türkmenistanda öndürilen» milli nyşany taýýarlamak baradaky teklibi makullap, bu babatda täze usullary we çemeleşmeleri gözlemegiň zerurdygyna ünsi çekdi hem-de türkmen dizaýnerleriniň bu ulgamda öňdebaryjy tejribäni öwrenmekden ugur almalydygyny, şol sanda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanylmalydygyny nygtady.


şu gün 07:51
326

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.2k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
869

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......