Maý aýynda Türkmenistanda köp sanly iri çäreler geçiriler

  • 24.04.2022 01:06
  • 17k+

Maý aýynda Türkmenistanda medeni çäreleriň we medeni-durmuş maksatly desgalaryň birnäçesiniň açylyş dabaralary geçiriler. Olaryň maksatnamasy barada 22-nji aprelde sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowa hasabat berdi.  

Hususan-da, 2022-nji ýylyň şygary mynasybetli maý aýynda maslahatlar, döredijilik duşuşyklary, sergiler we beýleki mowzuklaýyn çäreler guralar. Höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň, dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň şäher we etrap tapgyrlary hem-de zehinli çagalaryň arasynda yglan edilen «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň welaýat we Aşgabat şäher tapgyrlary geçiriler.

Oraza baýramy, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni, Türkmen halysynyň baýramy, Aşgabat şäheriniň güni hem-de «Soňky jaň» dabarasy mynasybetli hem medeni çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Şeýle-de 12-13-nji maýda Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyny, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Aýyň soňky ongünlüginde ýurdumyzyň teatrlarynyň arasynda «Türkmen teatr sungaty» atly teatr festiwaly geçiriler. Söwda-senagat edarasynda «Ak şäherim Aşgabat» atly däp bolan köpugurly halkara sergi, haly we haly önümleriniň sergisi guralar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow meýilleşdirilen baýramçylyklara we halkara çärelere ýokary derejede taýýarlyk görmegiň zerurdygyna ünsi çekip, birnäçe anyk görkezmeleri berdi.


15.04.2026 15:51
2.2k+

Türkmenistanyň Adalat ministrliginde hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň kabul edişligi geçiriler

25-nji aprelde Aşgabatda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň kabul edişligi bolar. Onuň dowamynda Adalat ministrliginiň, prokuraturanyň we kazyýetiň hünärmenleri raýatlaryň hukuk bilen bagly soraglaryna jogap......

14.04.2026 16:19
1.6k+

Tokioda türkmen milli lybaslarynyň we şaý-sepleriniň sergisi açyldy

Tokionyň «The Shoto Museum of Art» sungat muzeýinde 10-njy aprelde gadymy türkmen milli lybaslarynyň, el işleriniň, keşdeçilik we zergärçilik önümleriniň sergisi açyldy. Çäre «Merkezi Aziýanyň el işleri»......

14.04.2026 16:09
4.9k+

Amyderýa goraghanasynda ýaşlar üçin iki günlük eko-syýahat guraldy

Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda işjeň ýaşlar üçin iki günlük eko-syýahat guraldy. Çäre ekologik sowatlylygy ýokarlandyrmaga we tebigata aýawly çemeleşmek ukyplaryny kemala getirmäge gönükdirildi diýip,......

10.04.2026 23:51
20k+

Alty zolak we akylly gözegçilik: Türkmenistanda gurlan awtoban näme bilen haýran galdyrýar?

Habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Ýoluň bu böleginiň ulanmaga......