Kanada pes girdejili ýurtlara koronawirusa garşy sanjym üçin $175 mln berer

  • 11.04.2022 23:36
  • 4.7k+

Kanadanyň häkimiýetleri pes girdejili ýurtlara täze koronawirusa garşy sanjym üçin 220 mln Kanada dollaryny ($175 mln) berer. Bu barada Kanadanyň premýer-ministri Jastin Trýudonyň metbugat gullugynyň beýanynda aýdylýar. 

“Premýer-ministr Jastin Trýudo  pes girdejili ýurtlarda COVID-19-a garşy sanjym zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin 220 mln dollaryň bölünip beriljekdigi barada mälim etdi” – diýlip, habarda aýdylýar. 

Serişdeler COVAX halkara mehanizminiň üsti bilen paýlanar. Öň, Kanada ösýän we garyp ýurtlarda pandemiýa garşy göreşmek üçin 2,7 mlrd Kanada dollaryny ($2,15 mlrd) bölüp berdi.


düýn 19:27
13k+

Kanadadan içi hatly çüýşe Atlantikany geçip, Irlandiýa bardy. Ol 13 ýyldan soň tapyldy

Irlandiýadan är-aýal Jon we Keýt Geý Atlantik ummanynyň günbatar kenarynda 2012-nji ýylda kanadaly jübüt tarapyndan Bell-Aýlend adasyndan iberilen içi hatly çüýşäni tapdy. Bu barada The Guardian neşiri habar berýär...

16.06.2025 13:38
4.7k+

Kanadaly pensioner bir ýylda üç gezek lotereýada utup, takmynan, 2,5 million dollar aldy

Kanadanyň Alberta welaýatyndan pensioner Dewid Serkin bir ýylda üç gezek lotereýada utup, jemi 2,5 million dollar gazandy. Bu barada The Guardian neşiri gürrüň berýär. Serkin 1982-nji ýyldan bäri lotereýa oýnaýar...

22.05.2025 20:27
5.6k+

Kanadada dinozawrlaryň heläk bolan ýerinden 8 müň süňk tapyldy

Kanadanyň Alberta welaýatynda paleontologlar pahirinozawrlaryň 8 müňden gowrak süňküni tapdy. Bu burnunda süňk ösüntgisi bolan we uly göwresi bilen tapawutlanýan ot iýýän dinozawrlardyr. Tapyndy, takmynan, 72 ýyl mundan ozal tutuş bir dinozawrlar sürüsiniň heläk bolandygyny görkezýär diýip, Interesting Engineering habar berýär...

20.05.2025 10:42
15k+

Kanadaly erkek adam lotoreýadan $57,29 mln utdy. Bu ýurduň taryhynda bir adama düşen iň uly baýrak boldy

Kanadaly Jastin Simporios «Lotto Max» lotereýasyndan 80 million Kanada dollary (takmynan, 57,29 million ABŞ dollary) utdy. Onuň utan jekpoty ýurduň taryhynda bir adama düşen iň uly baýrak boldy diýip, «The Economic Times» habar berýär...