Gyrgyzystan 12 ýyllyk orta bilime geçer

Gyrgyzystan 12 ýyllyk orta bilime geçer

Gyrgyzystan 2023-2024 okuw ýylyndan 12 ýyllyk orta bilime geçer diýip, ýurduň Bilim we ylym ministrligi habar berýär.

Kabar agentliginiň habar bermegine görä, mekdebe çenli taýýarlyk toparyň 1-nji synpa öwrülmegi bilen, doly bahaly 12 ýyllyk orta bilim emele geler. 

"Bu ýaşlaryň, edil häzirki 11 ýyllyk bilimde bolşy ýaly, mekdebi şol bir ýaşda tamamlajakdyklaryny aňladýar. Şeýle geçişe bilim ulgamy eýýäm taýýar - ösüş boýunça hyzmatdaşlaryň goldamagynda soňky birnäçe ýylyň dowamynda ýuwaş-ýuwaşdan mekdeplerde mekdebe çenli taýýarlyk toparyň 4000 sany synpy döredildi we enjamlaşdyryldy, olara her ýylda 5,5 - 6,5 ýaşlaryndaky  102-107 müň töwerek çaga (bu birinji synpa gatnaýan çagalaryň 70%-den gowragyny düzýär) gatnaýar" - diýip habarda aýdylýar.