Serdar Berdimuhamedow: «Zerur azyk önümleriniň ýeterlik gorlary döredilmelidir»

Serdar Berdimuhamedow: «Zerur azyk önümleriniň ýeterlik gorlary döredilmelidir»

8-nji aprelde geçirilen Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurduň söwda pudagyny ösdürmek bilen bagly wise-premýer Ç.Gylyjowa birnäçe tabşyryklary berdi.

Hususan-da, Prezident Serdar Berdimuhamedow häzirki ýagdaýda söwda pudagynyň durnukly işlemegini üpjün etmegiň esasy wezipeleriň biridigini nygtap, emele gelen ýagdaýa her gün baha berip durmagy tabşyrdy. Zerur bolanda, durmuşda has gerekli önümleriň, şol sanda azyk önümleriniň ýeterlik gorlaryny döretmek üçin goşmaça goldaw çärelerini görmek wajypdyr diýip, döwlet Baştutany belledi.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine degişli kärhanalaryň işini gözegçilikde saklamagyň zerurdygy aýdylyp, kiçi, orta we iri telekeçilik kärhanalaryna goldaw bermek çärelerini dowam etmek tabşyryldy. Bu çäreler, ilki bilen, telekeçileriň we raýatlaryň işewürligini höweslendirmek arkaly iş ýerlerini saklap galmaga hem-de täze iş orunlaryny döretmäge gönükdirilmelidir diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow nygtady.