Kanada öz elektrokaryny çykarar

  • 07.04.2022 13:57
  • 7.8k+

2023-nji ýylyň CES sergisinde Kanadada işlenip taýýarlanjak we ýygnaljak Project Arrow elektrokrossoweri tanyşdyrylar.

Taslamanyň maksady — bu ulagy döretmek üçin,  ýurduň ätiýaçlyk şaýlaryň aňrybaş mümkin bolan sany we bölekleri bilen üpjün etmäge ukyplydygyny görkezmek. Taslama ätiýaçlyk şaýlaryny we beýleki awtoulag enjamlaryny öndürýän 55 sany dürli kompaniýalar gatnaşýar. Şunlukda, taslama bilen 500-den gowrak şereketiň gyzyklanýandygy barada habar berilýär.
Geljekki awtoulagyň dizaýny eýýäm tassyklandy — bu krossower bilen miniwenaň peýwendi bolar. Taslama gatnaşyjylar inžener bölegi boýunça galan işleriň paýyna 30-40% düşýär diýip baha berýärler. Işler üstümizdäki ýylyň dekabryna çenli tamamlanar. 
Project Arrowyň tehniki häsiýetnamasy barada heniz hiç zat aýdylanok.
Project Arrowyň Kanadada öndürilýän eýýäm ikinji elektrokardygyny aýtmak gerek. Birinjisi — ýol zolagyny 150 mm-den 290 mm-e çenli sazlamaga mümkinçilik berýän dolandyrylýan podweskaly elektriki sedan — Maple Majestic-dir.


09.03.2026 15:37
6.9k+

ABŞ-da Lexus ES sedanynyň täze nesliniň bahalary mälim edildi

ABŞ-nyň awtomobil bazarynda Lexus ES sedanynyň täze nesli üçin baha sanawy yglan edildi. Bu täze model indi müşderilere hem doly elektrik, hem-de gibrid güýç gurnamalary bilen hödürlenýär. Öň tarapdan çekiji bolan başlangyç elektrik "ES 350e Premium" wersiýasynyň bahasy 48 795 dollardan başlaýar...

07.03.2026 11:53
3.6k+

Lexus UX krossoweriniň batareýaly görnüşiniň önümçiligini bes etdi

Lexus kompaniýasy özüniň UX krossoweriniň elektrik görnüşiniň önümçiligini we satuwyny togtatdy. Bu barada "Auto Express" neşiri brendiň Britaniýadaky bölüminiň tassyklamagyna salgylanyp habar berdi. Şonuň bilen birlikde, agzalan model baradaky maglumatlar Lexus-yň Ýewropa we Ýaponiýa üçin niýetlenen resmi internet çeşmelerinden hem aýryldy...

25.02.2026 06:32
6.2k+

«Bu öte gymmat güýmenje boljak...» Lamborghini dolulygyna elektrokarlara geçmek niýetinden dändi

Lamborghini meşhur italýan brendi doly elektrikleşdirilen awtoulag öndürmek meýilnamasyny ýatyrdy. Kompaniýa muňa derek zarýad berilýän gibrid awtoulaglaryny (PHEV) kämilleşdirmäge üns berer diýip, The Sunday Times gazeti habar berýär...

21.02.2026 17:40
4.7k+

Tesla Cybertruck-yň iň arzan görnüşini tanyşdyrdy

Tesla kompaniýasy özüniň meşhur Cybertruck elektrik pikapynyň täze, has arzan görnüşini hödürledi. Iki motorly we ähli tigirleri hereketlendiriji ulgamly bu model 60 müň dollar bahasy bilen häzirki wagtda hataryň iň elýeterli pikapy boldy...