Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna ýene 10 çaga operasiýa edildi

  • 05.04.2022 05:31
  • 33k+

Ýakynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna Lebap welaýatynyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde, Mary welaýatynyň çagalar hassahanasynda hem-de Aşgabat şäherindäki Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde hossarsyz galan hem-de maddy ýagdaýy çäkli maşgalalardan ýene 10 çaga operasiýa edildi.

Häzir näsag çagalaryň ählisi-de iň gowy lukmanlaryň gözegçiliginde saklanylýar. Häzirki döwürde lukmançylyk edaralary tarapyndan doga näsag çagalaryň ýüregini we ýürek damarlaryny operasiýa etmäge taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Olary hem Haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirmek meýilleşdirildi.

Ýeri gelende bellesek, geçen döwürde hossarsyz galan hem-de maddy ýagdaýy çäkli maşgalalardan çagalaryň 25-siniň ýüregini, bogunlaryny we gözüni operasiýa etmek üçin maliýe serişdeleri bölünip berildi. Şeýle hem emeli beden agzalary, eşitdiriş enjamlary, maýyplar üçin ýörite çaga arabalary satyn alyndy. 


düýn 23:14
2.5k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
2.9k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.7k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....