Porsche Ýewropadan daşarda ilkinji zawodyny açdy

  • 04.04.2022 16:11
  • 11k+

Porsche kompaniýasy häzire çenli ähli awtomobillerini Ýewropada öndürýärdi. Germaniýadan başga-da awtoulaglar Slowakiýada hem çykarylýar. Öň iki orunlyk Porsche Boxster awtoulagy Finlýandiýa-da ýygnalýardy. Indi bolsa Porsche-niň Ýewropadan daşary ilkinji zawody peýda boldy we ol kompaniýa üçin esasy bazara öwrülen Hytaýda ýerleşdirilmedi. Porsche Cayenne krossowerleri 28-nji martdan bäri Malaýziýada ýygnalýar.  

Ýerli hyzmatdaş Sime Darby söwda konglomeraty boldy. Kulim şäherinde (ýurduň günbatar böleginde ýerleşýär) bilelikdäki zawodyň gurluşygy 2020-nji ýylyň dekabr aýynda başlandy. Bu ýerde kebşirleýiş we boýag sehleri ýok, ýygnama işleri häzirlikçe uly bölekleri ýygnama usuly bilen alnyp barylýar, ýöne esasy bölekleriň köpüsi, şol sanda ZF konserninden öňki we yzky ok bölekleri hem-de Clarion-dan salon elementleri ýerli görnüşde öndürilýär. Şonuň netijesinde krossowerleriň bahasy 550 müň Malaýziýa ringgitinden ($130,6 müň) başlaýar, bu bolsa Ýewropadaky wersiýasy bilen deňeşdirilende 113 müň ringgit ($26,8 müň) azdyr. Önümçilik programmasy diňe V6 3.0 turbo hereketlendirijili (340 at güýji) esasy Cayenne krossowerini öz içine alýar, galan ähli wersiýalar öňküsi ýaly import ediler.
Ilkibaşda Malaýziýada ýygnalan awtoulaglar diňe içerki bazarda satylar. Soňrak olar Aziýanyň beýleki ýurtlaryna iberilip başlanar.  


düýn 23:24
502

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......

10.05.2026 21:39
3.6k+

Porsche satuwyň peselmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy we käbir golçur kompaniýalaryny ýapýar

Germaniýanyň Porsche awtoulag öndürijisi giň gerimli gaýtadan guramak işleriniň çäginde özüniň Porsche E-Bike Performance, Cellforce Group we Cetitec ýaly golçur kompaniýalarynyň ýapylýandygyny yglan etdi....

27.04.2026 11:35
2k+

Volkswagen ID. Unyx: nemes tehnologiýasy we hytaý dizaýny

Volkswagen kompaniýasy Hytaýyň Xpeng kompaniýasy bilen tehniki hyzmatdaşlykda döredilen ilkinji seriýaly ulagy — D. Unyx krossowerini satuwa çykardy. Hytaýly müşderileriň islegi esasynda dizaýnlaşdyrylan bu......

25.04.2026 09:56
2k+

Täze Porsche Cayenne Coupe 100 km/sag tizlige 2,4 sekuntda ýetýär

Porsche kompaniýasy Cayenne krossoweriniň kupe kuzowyndaky elektrik görnüşini tanyşdyrdy. Bu model tomsuň ahyrynda dünýä bazaryna üç görnüşde çykar we onuň bahasy 113 800 dollardan başlar....