Dubaýda “Ekspo-2020” halkara sergisi işini tamamlady

  • 01.04.2022 11:44
  • 8.6k+

Penşenbe güni agşam Dubaýda konsert bilen “Ekspo-2020” halkara sergisi öz işini tamamlady. Birleşen Arap Emirliklerinde adata öwrülen tehnologiki pirotehniki şüweleň bilen utgaşan arap koloriti bilen sahnadaky sagany diňe zaldaky müňlerçe myhman däl, eýsem internetde göni ýaýlymyň üsti bilen tutuş dünýädäki millionlarça adam görüp bildi diýip, TASS habar berýär.

“182 gün... 192 ýurt... millionlarça myhman... “Ekspo” bilen hoşlaşýarys. Biz adamzat üçin iň kyn döwürde dünýäni iň uly waka ýygnadyk. Biz wada berdik we ýerine ýetirdik; biz edýän zatlarymyzy aýdýarys we aýdýan zatlarymyz edýäris. Hudaý ýol berse, uly işler heniz öňde” – diýip, Dubaýyň häkimi, BAE-niň wise-prezidenti we premýer-ministri Muhammed ben Raşid Al Maktum “Twitterde” ýazdy. Dubaýdaky serginiň guramaçylaryna öňde goýlan wezipäni ýerine ýetirmek we oňa 23 milliondan gowrak myhmany çekmek başartdy.

Ýapylyş dabarasynda ýaňlanan audio ýüzlenmede şeýh Muhammediň belleýşi ýaly, “Ekspo-2020” – bu soňy däl, bu täze başlangyç”. “Biz dünýä jemgyýetiň her bir wekiliniň ýüregine we aňyna täsir eden oýlap tapyjylygyň başga bir görnüşini hödürledik. Biziň ogullarymyz we gyzlarymyz görlüp-eşidilmedik kynçylyklary we synaglary ýeňip geçmek ukyplaryny subut etdiler we bu syýahatyň her bir pursatynda biz BAE-niň gymmatlyklaryny – söýgi we myhmansöýerlik gymmatlyklaryny görkezdik” – diýip, ol aýtdy.

Emirlikler bu sergä 2013-nji ýylda Dubaýyň serginiň geçiriljek ýeri hökmünde saýlanan wagtyndan bäri pandemiýaly 2020-nji ýyly goşmak bilen sekiz ýyl taýýarlyk gördüler. Sergi 2020-nji ýyldan bir ýyl yza süýşürildi, ýöne onuň tegelek adyny saklamak kararyna gelindi. Infrastrukturanyň döredilmegine 7 mlrd dollardan gowrak maýa goýuldy, taýýarlyk üçin 240 mln sagat sarp edildi. 

Indiki “Ekspo-2025” halkara sergisi Osakada geçiriler – ýaponiýaly wekillere çäräniň baýdagy dabara bilen gowşuryldy. Dubaý sergisiniň iň soňky gatnaşyjylary ony terk edenlerinden we pawilýonlaryň bir bölegi aýrylandan soň, bu ýer iş merkezine we futuristik syýahatçylyk kwartalyna öwrüler. Nagyşly gümmez we asmanda ganat kakýan laçynyň şekilindäki BAE-niň pawilýony bolsa bu ýeriň merkezi bolup galar.  


24.10.2025 09:55
1.9k+

Türkmenistanyň täze ilçisi BAE-niň Daşary işler ministrliginde ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki täze bellenen ilçisi Baýram Baýramow BAE-niň daşary işler ministriniň orunbasary Omar Obaid Alheýsan Alşamsä ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Türkmenistanyň DIM...

23.10.2025 10:30
3.9k+

Serdar Berdimuhamedow «ENOC» we «Dragon Oil» kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi

22-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow «Emirates National Oil Company (ENOC)» hem-de «Dragon Oil» kompaniýalarynyň başlygy Said Al Taýeri, şeýle hem «Dragon Oil» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Abdulkarim Al Maazmini kabul etdi...

14.10.2025 21:26
2.4k+

Şarja şäherinde Türkmenistan-BAE ikinji işewürlik forumy geçirildi

2025-nji ýylyň oktýabr aýynyň başynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Şarja şäheriniň Söwda-senagat edarasynyň (SCCI) binasynda geçirilen Türkmenistan-BAE ikinji işewürlik forumyna gatnaşdy...

10.10.2025 11:17
2.6k+

Serdar Berdimuhamedow BAE-niň ýolbaşçylaryny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl doldy. Şu mynasybetli iki ýurduň Liderleri birek-birege gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdiler. Prezident Serdar...