Türkmenistanda şu ýyl 2 müň 300 tonna pile öndüriler

  • 29.03.2022 13:15
  • 5.2k+

Şu ýyl Türkmenistanda jemi 2 müň 300 tonna pile öndürmek meýilleşdirilýär. 28-nji martda geçirilen iş maslahatynda hasabat berlişi ýaly, häzir ýurdumyzyň welaýatlarynda ýüpek gurçugynyň tohumlaryny taýýarlamak hem-de pile öndürijiler bilen şertnamalary baglaşmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda pile öndürmek möwsümine taýýarlyk görülmegi bilen baglylykda, welaýatlarda pile öndürijiler bilen şertnamalary baglaşmak we olary ýüpek gurçugynyň ýokary hilli tohumlary bilen üpjün etmek boýunça Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer E.Orazgeldiýewe we häkimlere birnäçe görkezmeleri berdi.


şu gün 14:51
1k+

Türkmenistanda 2025-nji ýylyň I ýarymy üçin pensiýa gatançlaryny tölemek boýunça hasaplaşyk döwri başlandy

Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy telekeçilere 2025-nji ýylyň I ýarym ýyly üçin hasaplaşyk döwrüniň başlanandygyny habar berýär. Telekeçiler pensiýa gatançlaryny 2025-nji ýylyň 1-nji iýulyndan 15-nji awgusty aralygynda tölemelidirler...

şu gün 13:46
407

Raşid Meredow Zambiýanyň daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

30-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Zambiýa Respublikasynyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministri Mulambo Haimbe bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, söhbetdeşligiň dowamynda syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady ugurlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ösdürilmegi barada pikir alşyldy...

şu gün 08:11
2.3k+

Türkmenistanyň Prezidenti Kanadanyň General-gubernatoryny Kanadanyň güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Kanadanyň General-gubernatory hanym Meri Saýmona we ýurduň ähli halkyna milli baýram — Kanadanyň güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutany mümkinçilikden...

şu gün 08:04
4.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň täze bellenen ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

30-njy iýunda Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Farýal Legari Prezident Serdar Berdimuhamedowa ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär...