Geely 2021-nji ýylda bazarda 1,32 milliondan gowrak awtomobil satdy

  • 28.03.2022 00:47
  • 6k+

2021-nji ýylda Hytaýyň Geely kompaniýasy tarapyndan ýygnalan awtomobilleriň satuw möçberi 1,32 mln birlikden geçdi, bu bolsa 2020-nji ýyldaky görkezijiden 1% ýokarydyr. Şeýle maglumatlar kompaniýanyň maliýe hasabatynda saklanýar.

Alternatiw energiýa çeşmeleri bilen işleýän awtomobilleriň satuw paýy satylan önümleriň umumy düzüminde az bolmagynda galýar, ýöne kompaniýa bu ugry işjeň ösdürmäge çemeleşýär. Geçen ýyl şeýle awtoulaglardan, takmynan, 100 müň sanysy satyldy, Hytaýda olara diňe elektromobiller däl, eýsem gibrid hereketlendirijili, şeýle-de wodorod ýangyç elementlerinde işleýän awtoulaglar hem degişli edilýär. 

2022-nji ýylda Geely olaryň satuw möçberini 160 müňe, 2025-nji ýyla çenli 900 müňe ýetirmegi maksat edinýär. Bu meýilnamalary durmuşa geçirmek üçin geçen ýylyň iýun aýynyň başynda Geely alternatiw energiýa çeşmeleri bilen işleýän awtomobilleri işläp düzmek we öndürmek bilen meşgullanjak aýratyn kompaniýany döretdi. Onuň wezipesine toplumy düzüjileri, awtotransport üçin Zatlaryň internetini, emeli intellekt tehnologiýalaryny işläp düzmek hem-de alternatiw energiýa çeşmeleri bilen işleýän awtomobilleri ýygnamak we satmak girýär. Kompaniýa geçen ýyl hususy ylmy-gözleg işlerine 5,52 mlrd ýuan (takmynan, $860 mln) maýa goýdy, bu bolsa 2020-nji ýyldaky görkezijiden 16,1% köpdür.

Hasabatda bellenilişi ýaly, 2021-nji ýylda kompaniýanyň esasy işden gazanan girdejisi 101,6 mlrd ýuan (takmynan, $16 mlrd) boldy – ösüş ýyllyk aňlatmasynda 10,3%-e deň. Şol bir wagtyň özünde, girdeji 22%, 4,35 mlrd ýuana (takmynan, $685 mln) çenli peseldi. 


16.06.2026 07:52
4.2k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

21.05.2026 11:31
6.2k+

Kaşaň hytaý sedany Rolls-Royce-yň ýarty bahasy bilen oňa bäsdeşlik eder

Huawei we JAC kompaniýalaryna degişli bolan Maextro brendi özüniň flagman sedanynyň hakyky altyn çaýylan we ýörite dizaýnly Maextro S800 Grand Design atly aýratyn görnüşini tanyşdyrdy....

19.05.2026 21:18
6.7k+

Hytaý awtomobilleri bir tigrini galdyryp, üçüsinde ýöremegi öwrendi

Hytaý awtoöndürijileri awtomobillere üç tigirde hereket etmäge we zeper ýeten tigri galdyrgyç (domkrat) ulanmazdan çalyşmaga mümkinçilik berýän işjeň asgy (podweska) ulgamlaryny ornaşdyrmaga başlady. Bu barada......