Owganystan Aşgabatdaky wagtlaýyn ynanylan wekilini tanyşdyrdy

  • 20.03.2022 14:12
  • 20k+

Owganystanyň daşary işler ministrligi Fazal Mohammad Sabiri Owganystanyň Aşgabatdaky wagtlaýyn ynanylan wekili diýip tanyşdyrdy. TOLOnews-iň habar berşine görä, dabara Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary we owgan diplomatlary gatnaşdylar.

Kabulyň resmi adamlary Aşgabatda Owganystanyň ilçihanasynyň baştutanynyň wezipesine täze ýerine ýetirijiniň bellenmegi iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklary giňeltmäge tarap ädilen ädimdir diýip bellediler. 
Şonuň bilen birlikde, 18-nji martda Owganystanyň daşary işler ministrligi TOPH boýunça nobatdaky gezek öz beýannamasyny berdi we gaz geçirijiniň tehniki taraplary barada eýýäm gepleşikleriň geçirilendigini we taslamanyň ýazda dikeldiljekdigini habar berdi.  

"Biz TOPH gaz geçirijisiniň taslamasynyň täzeden bat aljak anyk senesini anyklaşmaga umyt bildirýäris. Biz TOPH bilen birlikde, beýleki taslamalar boýunça işleriň hem tiz wagtda gaýtadan ugur aljakdygyna bil baglaýarys" - diýip, Daşary işler ministrliginiň ýokary wezipeli adamy Şafi Azam aýtdy.


düýn 19:38
3.6k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......