ÝAYB we HHR garaşsyz walýuta ulgamyny işläp düzmäge girişdi

  • 19.03.2022 17:20
  • 8.1k+

Ýewraziýa Ykdysady Birleşigi (ÝAYB) Hytaý bilen bilelikde halkara walýuta we maliýe ulgamynyň garaşsyzlygy üçin taslamany işläp taýýarlamaga başlaýar. Şeýle çäräniň global “çagyryşlaryň we töwekgelçilikleriň” bar şertlerinde zerurlyga öwrülendigi nygtalýar.

Birleşikdäki ýurtlaryň hünärmenleri gatnaşyjylaryň milli walýutalarynyň indeksini we birža harytlarynyň bahalaryny hasaplamak üçin ulanyljak täze halkara walýutany dörederler. Ilkinji taslama 2022-nji ýylyň mart aýynyň ahyryna çenli taýýar bolar.
“Global ykdysady ösüşiň haýallamagy we ÝAYB-iň döwletlerine hem Hytaýa garşy çäklendiriji çäreler bilen baglanyşykly umumy çagyryşlary we töwekgelçilikleri göz öňünde tutup, biziň ýurtlarymyz hem yzygiderli hünärmen gepleşikleri derejesinde, hem bilelikdäki çäreler we taslamalar babatynda amaly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmeli” – diýip, Sputnik-e Ýewraziýanyň ykdysady komissiýasynyň Integrasiýa we makroykdysadyýet boýunça ministri Sergeý Glazýew aýtdy.
Rosstatyň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda ÝAYB-iň düzümine bäş döwlet girýär: Russiýa, Belarus, Ermenistan, Gazagystan we Gyrgyzystan Respublikasy.


01.06.2026 07:34
8.7k+

Hytaý emeli adada ägirt uly howa menziliniň gurluşygynyň nähili dowam edýändigini görkezdi

Hytaý Dalian Jinzhouwan howa menziliniň gurluşygyny dowam etdirýär, ol gurlup gutarylandan soň, emeli adada ýerleşýän dünýäde iň uly howa menzili bolar. Bu toplum Dalýan şäheriniň kenarýakasyndaky Bohaý......

29.05.2026 08:03
7.8k+

157 gatlyk Jeddah Tower diňiniň esasy polat binýadyny hytaýly inženerler gurar

Hytaýyň Jinggui International kompaniýasy Saud Arabystanyndaky Jeddah Tower diňiniň 120-nji gatdan ýokary böleginiň esasy polat gurluşyny gurmak boýunça şertnama aldy. Belentligi bir kilometrden geçjek......

28.05.2026 12:23
2k+

Kanada maýa goýum özüne çekijiliginiň reýtinginde Hytaýdan öňe geçdi

Kanada we Ýaponiýa «Kearney FDI Confidence Index 2026» maýadarlaryň ynam reýtinginde öz ornuny berkitdi, Hytaý bolsa on ýylyň içinde ikinji orundan dördünji orna düşdi....

22.05.2026 15:38
2.8k+

Dünýädäki öý hojalyk karzlarynyň ýarysyndan gowragy ABŞ bilen Hytaýyň paýyna düşýär

Bütin dünýä boýunça öý hojalyklarynyň umumy bergisi 65,3 trillion dollara ýetdi. Iň täsin tarapy bolsa, bu ägirt uly berginiň ýarysyndan gowragy diňe iki döwletiň – ABŞ-nyň we Hytaýyň paýyna düşýär....